HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Ýeňiş güni bilen gutlady

Maý 09, 2023 | 00:13 |7181
Türkmenistanyň Prezidenti uruş weteranlaryny we ähli watandaşlarymyzy 1941 —
1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy bilen
gutlady.Türkmenistanyň Prezidenti uruş weteranlaryny we ähli watandaşlarymyzy 1941 —
1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy bilen
gutlady.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Prezidenti uruş weteranlaryny we ähli watandaşlarymyzy 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy bilen gutlady.

Döwlet Baştutanynyň gutlag ýüzlenmesinde: “Mukaddes ýörelgelerimize berk eýeren merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, ХХ asyryň ýowuz urşunyň azat-erkana durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezip, baky şöhrata mynasyp boldular. Bu örän agyr döwürde tylda galan Türkmenistanyň ilaty — garrylardyr gelin-gyzlar, ýetginjekler parahat, abadan durmuşa beýik ynam bilen, synmaz erke hem-de päk arzuwlara daýanyp, gije-gündiz tutanýerli, gaýratly zähmet çekdiler, fronta zerur bolan önümleri iberip, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşdular” – diýilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu agyr döwürde türkmen zenanlarynyň altyn we kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny Goranmak gaznasyna meýletin tabşyrandygyny belleýär.

Gutlagda: “1941 — 1945-nji ýyllaryň şöhratly taryhyny, söweş meýdanlarynda şirin janyny gaýgyrman, hakyky gahrymançylyk görkezen, front üçin gijesini gündiz edip zähmet çeken watandaşlarymyzyň nusgalyk söweş hem-de durmuş ýollaryny nesiller hiç haçan unutmaz. Merdana watandaşlarymyzyň gahrymançylykly we gaýduwsyz durmuş ýollary nesiller üçin Watana, halka, tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň, wepalylygyň nusgalyk mekdebidir” – diýilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026