Türkmenistanyň we Täjigistanyň alymlary hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler


Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynda Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk mowzugy boýunça duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistana ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wise-prezidenti, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Rejep Bazarow, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow, Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň direktory Durdymyrat Gadamow, Seýsmologiýa we atmosfera fizikasy institutynyň direktory Güljemal Saryýewa, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew we beýleki alymlar wekilçilik etdiler.

Täjigistan tarapyna Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti Farhod Rahimi ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar häzirki zaman bilim tehnologiýalaryny okuw prosesine ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri pudaklarynyň innowasion ösüşi barada pikir alyşdylar. Derman ösümlikleriniň biodürlüligi we tebigy serişdeleri öwrenmegiň ähmiýeti aýratyn bellendi.
Myhmanlar üçin akademiýalaryň kitaplarynyň we neşirleriniň sergileri guraldy. Çäräniň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda ylmy, bilim, medeni hyzmatdaşlygy has-da berkitmek barada karar kabul etdiler.
Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana eden ilkinji döwlet saparynyň öňüsyrasynda geçirildi we iki ýurduň ylmy jemgyýetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine täze itergi berer.
ORIENT news








