BOMKA 10 Türkmenistanyň Ykdysadçylar birleşmesine Daşoguzdaky ýaşlar taslamasyny ýerine ýetirmekde goldaw berer


Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak Maksatnamasy – 10-njy Tapgyr (BOMKA 10) Merkezi Aziýanyň döwlete degişli bolmadyk guramalarynyň arasyndaky taslamalaryň birinji bäsleşiginiň çäklerinde serhetýaka jemgyýetleri goldamaga gönükdirilen dokuz taslamany saýlap aldy. Bu barada maksatnamanyň saýtynda habar berilýär.
Saýlanyp alnan 6-12 aýlyk taslamalar serhetýaka etraplaryň ilatynyň mümkinçiliklerini goldamaga we giňeltmäge niýetlenendir. Olaryň arasynda —«Türkmenistanyň Ykdysadçylar birleşmesi» (СЭТ) jemgyýetçilik guramasynyň taslamasy bar, ol Özbegistan bilen araçäkde ýerleşýän Daşoguz sebitiniň serhetýaka etraplarynyň ýaşlary bilen işleşer.
Türkmenistanyň Ykdysadçylar birleşmesiniň taslamasy ýaşlaryň telekeçilik başarnyklaryny ýokarlandyrmaga, şol sanda häzirki zaman tehnologiýalaryny we elektron täjirçiligi ulanmakda başarnygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Aýratyn üns Özbegistanyň serhetýaka sebitlerinden ýaşlar bilen serhetüsti hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine berler.
Özüniň 10-njy tapgyrynda BOMKA esasy ünsi serhetýaka etraplardaky adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirmek bilen, raýat jemgyýetiniň we döwlete degişli bolmadyk guramalaryň ýerli ilata goldaw bermekde mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga ugrukdyrylan serhetýaka hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berýär.
ORIENT habarlar








