HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Birinjiligi eýeläp bilerdi: Türkmen agyr atletikaçysy Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy

Maý 08, 2023 | 01:40 |10133
Türkmen ştangaçysy  Bunýad Raşidow Çinju şäherinde (Günorta Koreýa) geçirilýän Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.Türkmen ştangaçysy  Bunýad Raşidow Çinju şäherinde (Günorta Koreýa) geçirilýän Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.
Çeşme: IWF

Türkmen ştangaçysy Bunýad Raşidow Çinju şäherinde (Günorta Koreýa) geçirilýän Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.

Reşidow 67 kilograma çenli agram derejesinde ştangany silkip götermekde hormat münberiniň üçünji basgançagyny eýeledi. Birinji tälimiň netijeleri boýunça türkmen agyr atletikaçysy hindi türgeni Jeremi Lalrinnungdan (141 kg) we hytaýly Ýuejiden (147 kg) asgyn gelip, üçünji (140 kg) orna mynasyp boldy.

Ýöne itekläp götermekde Bunyad bäşinji netijäni görkezmek bilen (162 kg) iň soňky bäşinji orny (302 kg) eýeledi.

― Men bürünç medal bilen doly kanagatlanýaryn, ýöne has köpräk agramyň hötdesinden geljegimi duýýan. Günorta Koreýa uçmazdan ozal, biz Gruziýada otuz günlük okuw türgenleşiklerini geçdik, şonda meniň netijelerim – itekläp götermekde – 170 kilograma, silkip götermekde - 150 kilograma deň boldy. Şu günem edil şolar ýaly itekläp we silkip göteren bolsam, birinji bolup bilerdim. Geljekde geçiriljek ýaryşlarda çykyşymy gowulaşdyrmaga we altyn medal getirjek netijäni görkezmäge synanyşaryn - diýip, Bunýad Raşidow ORIENT-e aýtdy.

5-nji maýda badalga alan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty dünýäniň 37 ýurdundan 400 töweregi türgeni ýygnady.

Türkmen tarapyna 16 agyr atletikaçy (9 erkek we 7 zenan) wekilçilik edýär.

Yklym birinjiligi 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasyndaky saýlama ýaryşlardyr. Ol 13-nji maýda tamamlanar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026