Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III täç geýdirildi


Dabaranyň myhmanlary we arhiepiskop Iňlis monarhy Karl III kellesine täç degen badyna «Allam sen Patyşamyzy gora!» diýip, gygyrdylar. Şenbe güni, 6-njy maýda Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Patyşalygynyň Patyşasy Karl III resmi taýdan täç geýdi. Patyşalykda top atyş salýutlary ýaňlandy diýip, Mir24 habar berýär.
Londondaky Westminster Abbatlygynda Keramatly Eduardyň täji Angliýanyň buthanasynyň ruhy başlygy, Kanterberiýskiý arhiýepiskopy Jastin Uelbi tarapyndan monarha dakyldy.
Indi Karl III tagta çykarylar, şondan soň arhiýepiskop, ruhanylar we Uels şazadasy William oňa wepaly boljakdygyna kasam ederler. Şeýle hem, Abbatlykda oturanlar hem Patyşa kasam edip bilerler. Iňlis telewideniýesiniň tomaşaçylarynyň hem muny etmäge mümkinçiligi bolar – bu täzelikde girizildi.
74 ýaşly Karl III täç geýdiriş dabarasyna 200-den gowrak ýurtdan 2,2 müňden gowrak adam gatnaşdy. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Ol anna güni Londona uçupdy.
Täç geýdirmek Karl III ejesi, şazenany Ýelizaweta II (1926–2022) aradan çykandan sekiz aý soň boldy. Ol, 2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Iňlis tagtyny çykdy.
ORIENT news








