HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen gümrükçileri töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça daşary ýurt tejribesini öwrenýärler

Maý 06, 2023 | 12:45 |6073
Gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak, düzgün bozmalara garşy göreşmek we gümrük işleriniň awtomatlaşdyrylmagy babatyndaky milli seminar Merkezi Aziýada serhetleriň dolandyrylmagyna ýardam etmek Maksatnamasy (BOMKA 10) tarapyndan USAID-iň MA-da söwda Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda geçirildi.Gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak, düzgün bozmalara garşy göreşmek we gümrük işleriniň awtomatlaşdyrylmagy babatyndaky milli seminar Merkezi Aziýada serhetleriň dolandyrylmagyna ýardam etmek Maksatnamasy (BOMKA 10) tarapyndan USAID-iň MA-da söwda Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda geçirildi.
Çeşme: bomca-eu.org

Gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak, düzgün bozmalara garşy göreşmek we gümrük işleriniň awtomatlaşdyrylmagy babatyndaky milli seminar Merkezi Aziýada serhetleriň dolandyrylmagyna ýardam etmek Maksatnamasy (BOMKA 10) tarapyndan USAID-iň MA-da söwda Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda geçirildi.

Okuwyň barşynda oňa gatnaşyjylary Gazagystanyň töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny gümrük resmileşdirmesi we gözegçilik işine birikdirilmegi, maglumatlary amatlaşdyrmak babatyndaky tejribesini öwrendiler. Olar şeýle hem Bütindünýä söwda guramasynyň söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek baradaky Ylalaşygy boýunça borçnamalaryň ýerine ýetiriliş tejribesine hem garap geçdiler. Bu jähtde Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejileri Komitetiniň bilermenleri Türkmenistanda gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmagyň häzirki ulgamyny ösdürmek boýunça maslahatlary taýýarladylar.

Çäre BOMKA 10 Maksatnamasynyň «Kanuny söwda akymlarynyň araçäkden geçmegine ýardam etmek» 3-nji Düzüm böleginiň we USAID-iň Merkezi Aziýada söwda Maksatnamasynyň «Gümrük we serhet düzgünleriniň sazlaşdyrylmagy» atly 1-nji Komponentiniň çäklerinde gurnaldy, olar sebitleýin ykdysady integrasiýa prosesslerini mundan beýläk hem goldamaga we kanuny söwda akymlaryna goldaw bermäge gönükdirilendir.

Töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamy gümrük gözegçiliginiň netijeliligini üpjün etmäge, töwekgelçiligiň ýokary derejede bolan ugurlaryna ünsi gönükdirmäge, şeýle hem gümrük araçäginden geçmegi tizleşdirmek we ýönekeýleşdirmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026