HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Maryda Eýranyň Baş konsullygy açyldy

Maý 05, 2023 | 22:15 |8319
Eýran Yslam Respublikasynyň täze Baş konsuly Abdolmajid Kamju ýurdumyzyň Mary şäherinde öz wezipesine girişdi. 5-nji maýda, anna güni eýranly diplomat Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewe öz Konsullyk patentini gowşurdy, ol hem öz gezeginde Kamjuny işe başlamagy bilen gutlady we konsullyk wezipelerini ýerine ýetirmäge rugsat berdi.Eýran Yslam Respublikasynyň täze Baş konsuly Abdolmajid Kamju ýurdumyzyň Mary şäherinde öz wezipesine girişdi. 5-nji maýda, anna güni eýranly diplomat Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewe öz Konsullyk patentini gowşurdy, ol hem öz gezeginde Kamjuny işe başlamagy bilen gutlady we konsullyk wezipelerini ýerine ýetirmäge rugsat berdi.
Çeşme: Türkmenistanyň DIM

Eýran Yslam Respublikasynyň täze Baş konsuly Abdolmajid Kamju ýurdumyzyň Mary şäherinde öz wezipesine girişdi. 5-nji maýda, anna güni eýranly diplomat Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewe öz Konsullyk patentini gowşurdy, ol hem öz gezeginde Kamjuny işe başlamagy bilen gutlady we konsullyk wezipelerini ýerine ýetirmäge rugsat berdi.

Türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar Mary welaýaty bilen Horasan-e-Rezawi welaýatynyň arasynda söwda we ykdysady ugurda we konsullyk hyzmatlarynda ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Diplomatlar, şeýle hem Türkmenistan bilen Eýranyň syýasy, ykdysady we gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar we ýylsaýyn ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary netijeli diýip atlandyrdylar. Şeýle hem gepleşiklerde ulag, söwda we energetika pudagynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň zerurlygy barada pikir alşyldy. Taraplar iki ýurduň serhetýaka etraplarynyň dolandyryş merkezleriniň ýolbaşçylary derejesinde yzygiderli aragatnaşyk gurmak barada ylalaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýanyň we Hytaýyň wetosyndan soň Eýrana garşy sanksiýalar boýunça bilermenler toparynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmady

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýanyň we Hytaýyň wetosyndan soň Eýrana garşy sanksiýalar boýunça bilermenler toparynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmady

23:30 Sentýabr 18, 2026
Şwesiýadaky saýlawlar: Kristersson wezipesinden çekilýändigini yglan etdi we sosial ulgamlarda beýannama çap etdi

Şwesiýadaky saýlawlar: Kristersson wezipesinden çekilýändigini yglan etdi we sosial ulgamlarda beýannama çap etdi

23:00 Sentýabr 18, 2026
Ýaponiýanyň premýer-ministri esasy ýaranlaryny wezipesinde saklap, LDP-niň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler geçirýär

Ýaponiýanyň premýer-ministri esasy ýaranlaryny wezipesinde saklap, LDP-niň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler geçirýär

22:00 Sentýabr 18, 2026