Gazagystanyň Majilisi GDA-da galplaşdyrmalara garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşygy tassyklady


Gazagystanyň Parlamentiniň Aşaky palatasynyň deputatlary GDA döwletleriniň galp haryt nyşanlaryny we geografiki görkezijileri ulanmagynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ylalaşygyny tassykladylar.
Ylalaşyga 2021-nji ýylyň 28-nji maýynda Arkalaşygyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde gol çekilipdi. Ol galp haryt nyşanlaryny we geografiki görkezmeleri bolan harytlaryň öndürilmegini we satylmagyny, şeýle hem şeýle harytlaryň GDA agza-ýurtlaryň döwlet araçäginden geçirilmegini duýdurmak, ýüze çykarmak we oňa garşy göreşmek meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýän şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.
Häzirki wagtda Ylalaşyk boýunça döwlet içindäki amallar Ermenistanda, Belarusda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda geçirilendir.
Gazagystanyň Parlamentiniň Majilisi şeýle hem «2010-njy ýylyň 18-nji iýynyndaky gümrük birleşiginiň gümrük çägindäki erkin (ýörite, aýratyn) ykdysady zolaklaryň we erkin gümrük zolagynyň gümrük amallarynyň meseleleri boýunça Ylalaşyga üýtgetmeleri girizmek baradaky teswirnamanyň tassyklanmagy hakyndaky» kanunyň taslamasyny kabul etdi.
ORIENT habarlar








