Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy boýunça çekişmeleriniň konsepsiýasy çap edildi


Türkmenistan tarapyndan başlangyç berlen BMG-niň Baş Assambleýasynyň gün tertibiniň 61-nji bendi boýunça «Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy» çekişmeleriniň konsepsiýasy Baş assambleýanyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde Guramanyň alty resmi dilinde çap edildi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.
Konsepsiýa BMG-niň Tertipnamasynyň üstüni ýetirýän möhüm gurallaryň biri hökmünde parahatçylygyň zolagyny döretmegi göz öňünde tutýar. Sebitiň ýurtlarynyň howpsuzlygyny güýçlendirmäge gönükdirilip, öňüni alyş diplomatiýasynyň serişdesi bolmak bilen, parahatçylyk zolaklary sebitleýin çaknyşyklary we dartgynlylygy saklamagyň we kadalaşdyrmagyň has netijeli usuly bolup durýarlar.
Çekişmeleriň Baş assambleýanyň 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky «Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy» 76/299 rezolýusyýasyna laýyklykda 16-njy maýda BMG-niň ştab-kwartirasynda meýilleşdirilendigini belläp geçmelidiris.
76/299 rezolýusiýa bilen bir hatarda Baş assambleýanyň Günorta Atlantikada parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek baradaky (1986-njy ýylyň 27-nji oktýabryndaky 41/11) we Hindi ummanyny parahatçylyk zolagy diýip ykrar etmek baradaky (1971-nji ýylyň 16-njy dekabryndaky 2832 (XXVI)) rezolýusiýalary hem parahatçylyk zolaklaryny halkara derejesinde ykrar etmegiň we bu düşünjäni döretmegiň ýolunda möhüm ädim boldular.
ORIENT habarlar








