HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Üstaşyr geografiýasy: Türkmenistan ýük geçelgelerini döretmäge hyzmatdaşlary çagyrýar

Maý 04, 2023 | 00:10 |16091
Türkmenistan geografiki ýerleşişi sebäpli global üpjünçilik zynjyrynda möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyz bu artykmaçlygy ulanmak we halkara söwdasynyň ösmegine itergi berýän, ykdysady taýdan üstaşyr geçelgelerini döretmek, üstaşyr özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin ulag infrastrukturasyna uly maýa goýumlaryny çekmek isleýär. Bu barada Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş müdiri Mämmethan Çakyýew aýtdy.Türkmenistan geografiki ýerleşişi sebäpli global üpjünçilik zynjyrynda möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyz bu artykmaçlygy ulanmak we halkara söwdasynyň ösmegine itergi berýän, ykdysady taýdan üstaşyr geçelgelerini döretmek, üstaşyr özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin ulag infrastrukturasyna uly maýa goýumlaryny çekmek isleýär. Bu barada Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş müdiri Mämmethan Çakyýew aýtdy.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan geografiki ýerleşişi sebäpli global üpjünçilik zynjyrynda möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyz bu artykmaçlygy ulanmak we halkara söwdasynyň ösmegine itergi berýän, ykdysady taýdan üstaşyr geçelgelerini döretmek, üstaşyr özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin ulag infrastrukturasyna uly maýa goýumlaryny çekmek isleýär. Bu barada Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş müdiri Mämmethan Çakyýew aýtdy.

«Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş - 2023» konferensiýasynda eden çykyşynda bu çärä gatnaşyjylaryň ýokary gyzyklanmasynyň, şeýle gepleşiklere islegiň bardygyny we munuň hem bu duşuşyklary däbe öwürmäge esas berýändigini belläp geçdi.

1.JPEG

Mämmethan Çakyýew, ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-tehniki bazasyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak, döwrebap hünär infrastrukturasynyň emele getirmek, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň sebitleýin merkezi hökmünde ýurdumyzyň ornuny mundan beýläk-de berkitmek üçin strategiki möhüm çäreleri göz öňünde tutýan, 2022-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Ulag diplomatiýasyny ösdürmek maksatnamasynyň esasy ugurlaryny gysgaça hödürledi.

Türkmenistan sebitiň beýleki ýurtlary bilen söwda we elektron söwdany ýeňilleşdirmek, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we sebitdäki hyzmatdaşlar bilen haryt dolanşygyny ýokarlandyrmak üçin ylalaşylan mehanizmleri we infrastruktura şertlerini döretmek üçin hyzmatdaşlyk edýär.

Birinji «Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» forumyndan bir ýyldan hem az wagtda ýurdymyzda möhüm wakalar bolup geçdi.

2.JPEG

Şolaryň arasynda – deňize çykyşy bolmadyk, ösýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň konferensiýasy, Türkmenistanyň elektron CMR teswirnamasyna goşulmagy, TRACECA we Demirgazyk-Günorta halkara geçelgelerine goşulmak boýunça talapnama berildi. Şeýle hem, sebit merkezlerinde täze awtoulag terminallary, demir ýol köprüleri işe girizildi, köp sanly awtoulag, demir ýol hereketlendiriji düzümleri, Airbus ýük uçarlary satyn alyndy, milli howa gatnawynyň Ýewropany we Aziýany öz içine alýan ýük we ýolagçy ugurlarynyň geografiýasy giňeldildi.

Häzirki zaman dünýä ykdysadyýetindäki kynçylyklar we üýtgeşmeler diňe bir döwrebaplaşmagy däl, eýsem täzelenmegi hem talap edýär. Şonuň üçin sanly tehnologiýalara we ekologiýa taýdan arassa çözgütlere esaslanýan täze ulag geçelgeleriniň we infrastrukturasynyň döredilmegi ýurdumyzyň we tutuş sebitiň ykdysady ösüşi üçin hereketlendiriji bolup biler, - diýip Çakyýew aýtdy.

3.JPEG

Çarşenbe güni açylan ulag konferensiýasynyň işine Türkmenistan hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri, milli we halkara ulag kompaniýalarynyň, senagat zolaklarynyň, elektron söwda kompaniýalarynyň, logistika guramalarynyň we iri halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Forumyň sessiýalarynda abraýly şahsyýetler, tanymal diplomatlar we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen hünärmenler çykyş edýärler. Olar sanly söwda we logistika ösüşinde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň, ylym we bilimiň ornuny belläp, ulag we logistika pudagy, ony sanlaşdyrmak bilen baglanyşykly iň möhüm mowzuklarda çykyş edýärler.

Gatnaşanlaryň köpüsi, ýokary işewürlik bilen tapawutlanýan forumyň çäginde aýratyn ikitaraplaýyn duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşylan anyk maýa goýum tekliplerini we geljegi uly hyzmatdaşlyk taslamalaryny getirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026