HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

IRU-nyň başlygy halkara ýol ulaglaryny sanlaşdyrmakda Türkmenistanyň ösüşini belledi

Maý 03, 2023 | 19:40 |7896
Ykdysadyýetiň ýol ulag pudagy pandemiýadan soň dikeldimek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Ol dikeldiş işinde möhüm orun tutýan hem bolsa,  täze – serhetlerde uzyn nobatlar, pudakda işgärleriň ýetmezçiligi ýaly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Östaşyr köp ýurtda 50 göterimden gowrak ýokarlandy. Şeýle-de bolsa, Amerikanyň, Aziýanyň we Ýewropanyň 25-den gowrak ýurdunda täjirçilik ýol ulaglary operatorlaryny gözden geçirenden soň, bu pudakda 2,5 milliondan gowrak hünärmen sürüjiniň ýetmezçilik edýändigi anyklandy. Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň (IRU) baş sekretary Umberto de Pretto, Aşgabatdaky ulag forumyna gatnaşyjylara ugradan wideo ýüzlenmesinde pudagyň şeýle kynçylyklar barada durup geçdi.Ykdysadyýetiň ýol ulag pudagy pandemiýadan soň dikeldimek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Ol dikeldiş işinde möhüm orun tutýan hem bolsa,  täze – serhetlerde uzyn nobatlar, pudakda işgärleriň ýetmezçiligi ýaly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Östaşyr köp ýurtda 50 göterimden gowrak ýokarlandy. Şeýle-de bolsa, Amerikanyň, Aziýanyň we Ýewropanyň 25-den gowrak ýurdunda täjirçilik ýol ulaglary operatorlaryny gözden geçirenden soň, bu pudakda 2,5 milliondan gowrak hünärmen sürüjiniň ýetmezçilik edýändigi anyklandy. Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň (IRU) baş sekretary Umberto de Pretto, Aşgabatdaky ulag forumyna gatnaşyjylara ugradan wideo ýüzlenmesinde pudagyň şeýle kynçylyklar barada durup geçdi.
Çeşme: orient.tm

Ykdysadyýetiň ýol ulag pudagy pandemiýadan soň dikeldimek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Ol dikeldiş işinde möhüm orun tutýan hem bolsa, täze – serhetlerde uzyn nobatlar, pudakda işgärleriň ýetmezçiligi ýaly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Östaşyr köp ýurtda 50 göterimden gowrak ýokarlandy. Şeýle-de bolsa, Amerikanyň, Aziýanyň we Ýewropanyň 25-den gowrak ýurdunda täjirçilik ýol ulaglary operatorlaryny gözden geçirenden soň, bu pudakda 2,5 milliondan gowrak hünärmen sürüjiniň ýetmezçilik edýändigi anyklandy. Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň (IRU) baş sekretary Umberto de Pretto, Aşgabatdaky ulag forumyna gatnaşyjylara ugradan wideo ýüzlenmesinde pudagyň şeýle kynçylyklar barada durup geçdi.

Onuň pikiriçe, pudagyň sanlaşdyrylmagy, ösýän trafigiň öňüni almaga kömek etjek iş maksatnama üpjünçiliginiň çözgütlerine maýa goýumlary bu meseleleri çözmäge kömek eder.

Şol bir wagtyň özünde Umberto de Pretto, infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak we halkara daşamalardaky töwekgelçiliklerden goraýan TIR we CMR ýaly täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanyň bu ugurda ajaýyp öňegidişlik edendigini aýtdy. Bu ähli zynjyr üpjünçiliginiň howpsuzlygyny we aýdyňlygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem harytlaryň akymyny ep-esli gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

2.JPEG

IRU-nyň başlygy, kagyz resminamalaryndan sanly maglumat alyş-çalyşyna geçmek, Günbatar bilen Gündogary has gowy birikdirmek üçin wagt we çykdajylary azaltmak üçin zerurdygyny aýtdy. Ol, işewür hyzmatdaşlaryň gepleşikleri, pragmatiki sanly çözgütlere ýol açyp, maglumat akymyny tertipleşdirmegiň esasy zerurlygydyr diýip, nygtady.

Merkezi Aziýa ýurtlary, hususy we döwlet pudagyndaky guramalar bilen hyzmatdaşlykda, halkara guramalarynyň goldawy bilen söwda hem-de üstaşyr sanlylaşdyryşda öňdebaryjy bolup durýar. Olar ulag howpsuzlygy üçin ýörite zolaklary döredip, ulag aňsatlygyny täze derejä çykaryp TIR-y sanlaşdyrmakda anyk ösüşi görkezýärler.

Bu ýerde Umberto de Pretto, Türkmenistanyň, hususan-da, serhet geçelgeleriniň hemme nokatlarynda tiz ulgamlary ornaşdyrmakda gazanan möhüm ösüşini ýene bir gezek belläp geçdi we Merkezi Aziýada üstaşyry sanlaşdyrmagyň işjeňleşdirilmegi eýýäm şu ýyl sebite elektron TIR-y girizmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan ulag amallaryny elektron ýolhatlary bilen doly sanlaşdyrmaga golaýlaýar. Şu nukdaýnazardan, elektron rugsatlarynyň we elektron wizalaryň ulanylmagy has möhüm bolýar diýip, IRU-nyň Baş sekretary belläp geçdi.

Global ýol ulaglary pudagy täze infrastrukturanyň her täze millimetrini goldaýar, ýöne ol ýumşak infrastruktura bilen bilelikde bolmalydyr diýip, Baş sekretar nygtady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026