Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ESCAP Türkmenistanyň durnukly sebit aragatnaşygyny döretmekde işjeňligini goldaýar we mübärekleýär

Maý 03, 2023 | 16:26 |9990
– ESCAP, sebitiň durnukly ösüşi bilen baglanyşykly möhüm meseleler boýunça sebitara hyzmatdaşlygyň özboluşly hökümetara platformasy hökmünde, arabaglanyşyk boşluklaryny ýapmaga ýardam bermäge synanyşýar – diýip, Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary boýunça Ykdysady we sosial komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsia Alisjabana aýtdy.– ESCAP, sebitiň durnukly ösüşi bilen baglanyşykly möhüm meseleler boýunça sebitara hyzmatdaşlygyň özboluşly hökümetara platformasy hökmünde, arabaglanyşyk boşluklaryny ýapmaga ýardam bermäge synanyşýar – diýip, Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary boýunça Ykdysady we sosial komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsia Alisjabana aýtdy.
Çeşme: orient.tm

– ESCAP, sebitiň durnukly ösüşi bilen baglanyşykly möhüm meseleler boýunça sebitara hyzmatdaşlygyň özboluşly hökümetara platformasy hökmünde, arabaglanyşyk boşluklaryny ýapmaga ýardam bermäge synanyşýar – diýip, Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary boýunça Ykdysady we sosial komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsia Alisjabana aýtdy.

Ol Aşgabatda geçirilýän ulag maslahatyna gatnaşyjylara wideo ýüzlenme iberdi we onda guramanyň sebitleýin başlangyçlary we ýurtlaryň özara kömek we hyzmatdaşlyk ruhuna esaslanýan halkara üstaşyr we ulag geçelgelerini goldamak ugrundaky tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny aýtdy.

1.JPEG

Ol Türkmenistanyň eýeleýän öňdebaryjy ornuny we BMG-nyň çäginde durnukly sebit gatnaşyklaryny dolandyrmak ugrundaky tagallalaryny mübärekledi, şeýle hem Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesini döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Memorandumy durmuşa geçirmek ugrunda üstünlikli alnyp baran bilelikdäki işi barada aýtdy.

Häzirki wagtda bu taslama ulag durnuklylygyny goldamaga we ýurtlary birleşdirmäge ýardam edýär, deňiz ýollaryna çykyşy, sebit we dünýä söwdasyna gatnaşmak üçin mümkinçilikleri açýar.

2.JPEG

Halkara üstaşyr-ulag geçelgeleriniň durnuklylygynyň soňky birnäçe ýylyň dowamynda ähmiýeti artyp başlady, ulagy multimodal ulanmak amatly we bähbitli strategiýa öwrüldi – diýip, Armida Salsia Alisjabana öz çykyşynda belledi.

Ulag we logistika amallarynyň sanlylaşdyrylmagy 2021-nji ýylyň dekabrynda geçirilen we ägirt uly maksatlar kesgitlenen 4-nji ministrler maslahatynda kabul edilen durnukly ulag ösüşi üçin täze ESCAP sebit maksatnamasynyň çäginde özara baglanyşygy ösdürmäge mümkinçilik berer – diýip Armida Alisjabana aýtdy.

3.JPEG

"Hususy pudagyň gatnaşmagy meni ruhlandyrdy we men hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin özara bähbitli şertlerini döretmek üçin geljegi uly ugurda täze başlangyçlar baradaky pikirler we teklipler bilen tanyşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn" – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026