Orazow Ispaniýada geçen tejribeligi barada we Özbegistandaky öňde boljak futbol ýaryşy barada gürrüň berdi


Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow ispan «Wilýarreal» klubynyň akademiýasynda iş tejribeligini geçdi. Dört günlük iş saparynyň jemleri we öňde duran meýilnamalar bilen 34 ýaşly hünärmen ORIENT-iň habarçysy bilen paýlaşdy.
Orazowyň gürrüň bermegine görä, bu iş tejribeligi goşmaça bilimlerii edinmek üçin örän gowy mümkinçilikleri açdy we täze sepgitlere ýetmek üçin möhüm basgançak boldy.

«Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan gurnalan sapar akademiýa we ispanlaryň Wilýarrealynyň dublirleýji düzümi bilen iş tejribeligi, klubyň esasy toparynyň türgenleşiklerini we oýunlaryny gözden geçirmegi öz içine aldy» - diýip, Orazow gürrüň berýär. «Şeýle hem men sport psihology, fitnes-tälimçi, analitik we kluba täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça hünärmen bilen duşuşyklary geçirdim. Olaryň her biri bilen söhbetdeşlikde maňa özüm üçin möhüm bolan gerekli bilimleri we tejribäni edinmek başartdy – olary men we tälimçiler ştaby milli ýygyndy bilen işlänimizde ulanarys».
Türkmen tälimçisi we tutuş milli ýygyndy üçin çynlakaý mesele 10-njy iýundan 20-nji iýuna çenli geçjek Merkezi Aziýanyň Futbol birleşmesiniň birinji çempionaty bolar. Ozal ORIENT-iň habar bermegine görä, Türkmenistanyň bäsdeşleri bolup Özbegistan, Täjigistan we Hindistan çykyş ederler.

«Çempionat- 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama oýunlaryna taýýarlanmak üçin gowy mümkinçilikdir. Ähli bäsdeşler FIFA-nyň reýtinginde bizden ýokarda durýar. Bu güýçli toparlar bilen çynlakaý oýnamaga mümkinçilik berer, bu bolsa saýlama oýunlarda üstünlikli çykyş etmek üçin möhümdir» - diýip, halypa paýlaşýar. «Biz Türkmenistanyň häziki çempionatynda ýygynda dalaşgärleriň ýagdaýyny monitoring ederis we seljereris. Iýunyň başynda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmekliig meýilleşdirýäris».
Ýatladýarys, 2023-nji ýylyň ýanwarynda Mergen Orazowyň Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi edilip bellenendigi belli boldy. Ol bu wezipede Ýazguly Hojageldiýewiň ýerine geldi, ol türkmen futbolçylaryny Aziýanyň Kubogy-2023-iň final tapgyryna getirip bilmedi.
Geçen ýyl Orazowyň ýolbaşçylygynda «Ahal» üç milli baýragy gazandy – ilkinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogyny we Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyny gazandy, halypanyň özüni bolsa 2022-nji ýylyň iň gowy tälimçisi diýip ykrar etdiler.
ORIENT habarlar








