HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen boksçylary Özbegistanda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş ederler

Aprel 30, 2023 | 19:53 |17927
Türkmen türgenleri 1-nji maýdan 14-nji maý aralygynda Daşkentde (Özbegistan) geçiriljek boks boýunça dünýä çempionatynda çykyş ederler. Ýurdumyza 14 adamdan ybarat wekiliýet, şol sanda 10 türgen wekilçilik eder.Türkmen türgenleri 1-nji maýdan 14-nji maý aralygynda Daşkentde (Özbegistan) geçiriljek boks boýunça dünýä çempionatynda çykyş ederler. Ýurdumyza 14 adamdan ybarat wekiliýet, şol sanda 10 türgen wekilçilik eder.
Çeşme: unsplash

Türkmen türgenleri 1-nji maýdan 14-nji maý aralygynda Daşkentde (Özbegistan) geçiriljek boks boýunça dünýä çempionatynda çykyş ederler. Ýurdumyza 14 adamdan ybarat wekiliýet, şol sanda 10 türgen wekilçilik eder.

Türkmenistanyň Boks federasiýasynda ORIENT-e habar berlişi ýaly, toparyň düzümine Yhlas Gylyçjanow, Daýanç Annaseýidow, Döwlet Mukanow, Şükür Öwezow, Hursand Imankulyýew, Saparmyrat Ödäýew, Baýramdurdy Nurmuhammedow, Muhammet Babaýew, Taganmyrat Gurbanow, Baky Toýçyýew girdiler.

Türgenler tälimçi Nurmyrat Gurbanmyradowyň we onuň kömekçileri Teňilbek Jumakulowyň we Ýazmuhammet Ýazzyýewiň ýolbaşçylygynda çykyş ederler. Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda türkmen ýygyndy topary Daşkentde 18-nji aprelde başlanan okuw türgenleşiklerini geçirdi.

Özbegistanyň paýtagtynda geçiriljek dünýä çempionatynda 65 ýurtdan 300 türgen 13 agram derejesinde baýrakly orunlar ugrunda bäsleşer. 30-njy aprelde çempionatyň açylyş dabarasy we bije çekişlik geçiriler.

Çempionatyň baýrak gaznasy ABŞ-nyň 5,200,000 dollary bolup, ýeňijiler 200 000 dollar, kümüş medal gazananlar 100 000 dollar, bürünç medala mynasyp bolanlar 50 000 dollar alarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026