Arap welosipedçiler toparynyň wekiliýeti Türkmenistana geldi


«Al-Watba» arap welosipedçiler toparynyň wekiliýeti (BAE) Türkmenistana geldi – diýip, Al-Ittihad habar berýär. Sapar Türkmenistanyň Welosiped sporty federasiýasynyň çakylygy boýunça BAE-niň Aşgabatdaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde amala aşyryldy.
Saparyň çäklerinde «Al-Watba» welosipedçiler toparynyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Gulmyrat Agamyradow bilen duşuşygy boldy. Taraplar sport babatynda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli gatnaşdy.
Wekiliýet Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigine, welotrege, Türkmen halysynyň milli muzeýine we aýlawa baryp gördi.
Mundan başga-da, «Al-Watba» toparynyň agzalary Aşgabadyň eteginde Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen şosse ýaryşlary boýunça türgenleşik işleriniň birnäçesini geçirdi.
ORIENT habarlar








