Türkmen diplomatlary köne Pekin boýunça welosipedli ýörişi amala aşyrdylar


Her ýylda 1-nji maýda bellenip geçilýän Zähmetkeşleriň Halkara raýdaşlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň işgärleri Pekiniň gadymy bölegi boýunça agşamky welosiped gezelenjine çykdylar. Bu barada ORIENT-e türkmen diplomatik wekilhanasynda gürrüň berdiler.
Welosiped bilen türkmen diplomatlary Pekindäki Jaňly we Deprek diňleriniň ugry boýunça geçdiler. Geçmişde binalaryň ikisem uly ähmiýete eýe bolupdyr, sebäbi wagty kadalaşdyrmaga niýetlenipdir: pekinliler jaňyň güýçli sesine oýanypdyrlar we deprekleriň sesini eşidensoňlar bolsa uka gidipdirler.
Diňler biri-birinden ýüz metr aralykda ýerleşendirler. Olaryň depesinden golaýdaky ýaşaýyş jaýlaryna owadan görnüş açylýar.
Jaňly diňdäki iň uly jaňlaryň biriniň asylgydygyny, onuň diňe ýylda bir gezek – Hytaý täze ýylynda jaň kakylýandygyny belläp geçmelidiris.
ORIENT habarlar








