Rus gazynyň Özbegistana Merkezi Aziýa – Merkez gaz geçirijisi arkaly üpjün edilmegi meýilleşdirilýär


Özbegistana Russiýadan gaz üpjünçiligi esasy gaz turbageçirijisi (EGG) Merkezi Aziýa - Merkez (MAM) arkaly amala aşyrylar. Bu barada Respublikanyň Energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow Daşkendiň 2-nji halkara maýa goýum forumynyň çäginde habar berdi.
Ministr ozal bu üpjünçilikler üçin Buhara-Ural gaz geçirijisiniň göz öňünde tutulandygyny, emma könelenligi sebäpli ondan ýüz öwürendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda gyzyklanýan edaralar gazy tersine nasoslamakda zerur kompressor stansiýalarynyň gurluşygy üçin çykdajylary hasaplaýarlar, şondan soň taraplar üpjünçilik boýunça gepleşiklere başlar.
Russiýa 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Özbegistana we Gazagystana bu pudakdaky üç ýurduň söwda bähbitlerini utgaşdyrmak üçin «üç taraplaýyn gaz birleşigini» döretmegi teklip etdi. 2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda «Gazprom» we Gazagystanyň hökümeti gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdiler. 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda «Gazprom» we Özbegistanyň Energetika ministrligi hem gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdiler.
EGG MAM hakynda (Neftegaz.RU habarlar agentliginiň maglumatyna görä)
4 sapakly EGG ulgamy;
geçirijilik kuwwaty –50 milliarda çenli gaz m3/ýylda;
ugry: Türkmenistan - Özbegistan - Gazagystan - Russiýa;
kompressor stansiýalarynyň sany - 28;
-1960 - 1988-nji ýyllarda gurlan;
Maksat – Özbegistandan we Türkmenistandan Gazagystanyň üsti bilen Russiýanyň merkezi sebitlerine (Saratow welaýatyna, soňra bolsa Moskwa we Moskwa sebtine) gaz üpjün etmek.
çeşme bazasy:
Özbegistanda Gazly ýatagy EGG MAM ulgamynyň esasy meýdanyna öwrüldi (häzirki wagtda işläp çykaryldy, onuň bazasynda Gazly ýerasty gaz saklawhanasy (ÝGS) döredildi),
Türkmenistanda EGG MAM Eýran bilen serhetdäki Döwletabat-Dolmez ýatagyndan başlady.
Gazagystanyň üsti bilen Russiýadan Özbegistana durnukly gaz üpjünçiligini guramak üçin EGG MAM-yň çyzykly bölegini doly gözden geçirmek, ters tertipde işlemek üçin kompressor stansiýasyny täzeden enjamlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak zerur.
Bu gaz geçirijisi, onuň 60 ýyldan gowrak ýaşy bilen bilelikde aýratyn üns berilmegini talap edýän Gyzylgum we Garagum çölleriniň aşa howa şertlerinde geçýär, - diýip Neftegaz.RU belleýär.
ORIENT news








