Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi we iň gowy çapyksuwarlar sylaglandy


Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli esasy dabaralar ýekşenbe güni Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirildi. Oňa Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ajaýyp baýramçylyk dabarasynda amaly-haşam we nakgaşçylyk sungat eserleriniň sergileri, aýdym-saz we sport çykyşlary guraldy. Ýöne dabaranyň esasy bezegi at çapyşyklary boldy.
Esasy baýrak ugrunda ýaryş 600 we 1800 metr aralyga bolan ýedi çapuwdan ybarat boldy. Her nominasiýa üçin baýraklar kesgitlenildi. Iň soňky ýaryşa gatnaşyjylar Prezidentiň "Akhan" baýragy we göçme kubogy ugrunda bäsleşdiler.
Bu ýerde diňe ýekşenbe güni geçirilen at çapyşyklarynyň netijeleri däl, eýsem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan konkur bäsleşiginiň we uzak aralyga geçirilen at çapyşygynyň ýeňijileri hem yglan edildi. Ýeňijileriň hemmesine baýraklar gowşuryldy.
ORIENT news








