HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen dzýudoçysy Kuweýtde Aziýanyň açyk Kubogynda bürünç medal gazandy

Aprel 29, 2023 | 10:08 |9637
Türkmenistanyň wekili Maýsa Pardaýewa 28-29-njy aprelde El-Kuweýtde (Kuweýt) geçýän Aziýanyň açyk Kubogynda 57 kg çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy.Türkmenistanyň wekili Maýsa Pardaýewa 28-29-njy aprelde El-Kuweýtde (Kuweýt) geçýän Aziýanyň açyk Kubogynda 57 kg çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy.
Çeşme: Halkara dzýudo Federasiýasy

Türkmenistanyň wekili Maýsa Pardaýewa 28-29-njy aprelde El-Kuweýtde (Kuweýt) geçýän Aziýanyň açyk Kubogynda 57 kg çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy.

Öňüsyrasyndaky raundda türkmen türgeni özüniň kiçi toparynda ýeňiji boldy. Ýöne ýarym final ýagdaýynda Pardaýewa soňlugy bilen ýaryşyň çempiony bolan günorta koreýaly türgen Ýuna Şini ýeňmek başartmady.

Bürünç medal üçin ýaryşda Pardaýewa Hindistandan gelen Ýamina Murýeýden üstün çykdy. Bürünç medalyň ýene-de bir eýesi Fationa Kasapi (Kosowo) boldy. Ýaryşyň kümüş medalyna amerikaly gyz Noran Elmahrukeý eýe boldy.

Maýsa Pardaýewa 18 ýaşynda. Ol Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň 10-njy synpynda okaýar. Birinji razrýadly türgen eýýäm üç ýyl bäri yzly-yzyna halkara ýaryşlarynda ýeňijileriň münbere geçýär. Bir ýyl mundan öň ol Almatyda geçirilen Aziýa-2022-niň ýetginjekler Kubogynyň çempiony bolupdy. Şu ýylyň martynda bolsa Saraýewodo geçen Ýewropa 2023-iň ýetginjekler Kubogynda kümüş medala mynasyp boldy.

Mälim boşy ýaly, Aziýanyň açyk Kubogy dört yklymyň 27 ýurdundan 156 dzýudoçyny (116 erkek we 40 zenan) ýygnady. Türkmenistana bu ýaryşda 14 türgen wekilçilik edýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026