HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmenhowaýollarynyň” howa gämileriniň üsti «Airbus» ýük uçarynyň ýene biri bilen ýetirildi

Aprel 27, 2023 | 23:22 |11924
Türkmenistanyň howa flotunyň üsti “Airbus A330-200P2F” ýük uçarynyň ýene biri bilen ýetirildi. 27-nji aprelde penşenbe güni täze uçar türkmen paýtagtynyň halkara howa menziline gondy. Bu uçar, “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen Fransiýanyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman uçarlarynyň ikinjisidir. Birinji howa gämisi “Türkmenhowaýollaryna”  şu ýylyň mart aýynyň ortalarynda gowuşdy.Türkmenistanyň howa flotunyň üsti “Airbus A330-200P2F” ýük uçarynyň ýene biri bilen ýetirildi. 27-nji aprelde penşenbe güni täze uçar türkmen paýtagtynyň halkara howa menziline gondy. Bu uçar, “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen Fransiýanyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman uçarlarynyň ikinjisidir. Birinji howa gämisi “Türkmenhowaýollaryna”  şu ýylyň mart aýynyň ortalarynda gowuşdy.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň howa flotunyň üsti “Airbus A330-200P2F” ýük uçarynyň ýene biri bilen ýetirildi. 27-nji aprelde penşenbe güni täze uçar türkmen paýtagtynyň halkara howa menziline gondy. Bu uçar, “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen Fransiýanyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman uçarlarynyň ikinjisidir. Birinji howa gämisi “Türkmenhowaýollaryna” şu ýylyň mart aýynyň ortalarynda gowuşdy.

Uçarlaryň bu kysymy “Rolls-Royce Trent 700” hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyrylandyr. Olaryň uçuş aralygy 13 müň kilometrden gowrak bolup, 60 tonna çenli ýük daşama mümkinçiligi bar, şol bir wagtyň özünde ýük daşama hyzmatynyň bahasy ep-esli peselýär. Öndüriji tarapyndan nawigasiýa enjamlarynda iň ösen tehnologiýalar ulanylandyr.

“Airbus A330-200P2F” ýük uçarlarynyň uçarmanlary we olara tehniki hyzmat etmek boýunça hünärmenler Singapurda we Fransiýada gaýtadan taýýarlyk geçdiler.

“Türkmenhowaýollarynyň” Merkezi Aziýada ilkinji bolup, “Airbus A330-200P2F” kysymly uçarlary satyn alandygyny bellemek gerek. Ozal Türkmenistan ýük uçarlaryny esasan Amerikanyň Boeing kompaniýasyndan satyn alýardy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026