Ýewropa geňeşiniň başlygy Şarl Mişel Türkmenistanyň ilçisinden ynanç hatlaryny kabul etdi


Brýusselde Türkmenistanyň Belgiýa patyşalygyndaky ilçisi Sapar Pälwanowyň Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginde hemişelik wekili hökmünde Ýewropa geňeşiniň başlygy Şarl Mişele ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
Dabaranyň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Ýewropaly syýasatçy ýokary derejede gatnaşyklaryň möhümdigini belläp, şu ýyl Brýusselde döwlet baştutany bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk guramagy teklip etdi.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine hormat goýýandygyny belläp, Şarl Mişel Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklary has-da berkitmäge gyzyklanma bildirdi. Bu nukdaýnazardan Ýewropa geňeşiniň başlygy ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça gün tertibiniň howpsuzlyk, parahatçylyk we durmuş-ykdysady ösüş ýaly, esasy üç ugruny kesgitledi.

Türkmenistan bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň soňky tendensiýalary barada aýtmak bilen, Ýewropa geňeşiniň başlygy geçen ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde "Türkmenistan - Ýewropa Bileleşigi" atly adam hukuklary boýunça Dialogyň nobatdaky tapgyrynyň üstünlikli geçenligi bilen gutlady, şeýle-de ÝB-niň Adam hukuklary boýunça we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ýörite wekilleriniň ýakynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň we onuň dowamynda geçirilen gepleşikleriň netijeliligini belledi.
Türkmenistanyň doly ygtyýarly wekili hem öz gezeginde ýurduň daşary syýasatynda bitaraplygyň ähmiýetine ünsi çekdi we Türkmenistanyň ÝB-ni gyzyklandyrýan ugurlardaky özgertmeleri we ösüşi barada gürrüň berdi. Esasy üns söwda, energetika, ulag taslamalary, sanly ykdysadyýetdäki hyzmatdaşlyk we howanyň üýtgemegi ýaly ykdysady ugurlara gönükdirildi.
Umuman, taraplar hyzmatdaşlygy artdyrmaga we Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky gepleşikleri giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
ORIENT news








