HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmennebit»: şelf taslamalarynyň uly geljegi we maýa goýumçylar üçin iň gowy şertler

Aprel 27, 2023 | 17:02 |11823
«Türkmennebit» konserniniň nebit aktiwleri häzirki wagtda işlemegiň dürli döwürlerinde ýerleşýän 30-dan gowrak nebit ýatagynda jemlenendir. Ýurtda hereket edýän nebit-gaz guýularynyň sany 2300-den geçýär. Hazar deňziniň türkmen böleginiň uglewodorod serişdeleri 18,2 milliard tonna nebit ekwiwalenti görnüşinde bahalandyrylýar. Şunuň ýaly sanlary «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow Türkmenistanyň Dubaýda geçýän nebit-gaz maýa goýum forumynda çykyş etmek bilen getirdi.«Türkmennebit» konserniniň nebit aktiwleri häzirki wagtda işlemegiň dürli döwürlerinde ýerleşýän 30-dan gowrak nebit ýatagynda jemlenendir. Ýurtda hereket edýän nebit-gaz guýularynyň sany 2300-den geçýär. Hazar deňziniň türkmen böleginiň uglewodorod serişdeleri 18,2 milliard tonna nebit ekwiwalenti görnüşinde bahalandyrylýar. Şunuň ýaly sanlary «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow Türkmenistanyň Dubaýda geçýän nebit-gaz maýa goýum forumynda çykyş etmek bilen getirdi.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

«Türkmennebit» konserniniň nebit aktiwleri häzirki wagtda işlemegiň dürli döwürlerinde ýerleşýän 30-dan gowrak nebit ýatagynda jemlenendir. Ýurtda hereket edýän nebit-gaz guýularynyň sany 2300-den geçýär. Hazar deňziniň türkmen böleginiň uglewodorod serişdeleri 18,2 milliard tonna nebit ekwiwalenti görnüşinde bahalandyrylýar. Şunuň ýaly sanlary «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow Türkmenistanyň Dubaýda geçýän nebit-gaz maýa goýum forumynda çykyş etmek bilen getirdi.

Guwanç Agajanow şelf taslamalaryna ünsi gönükdirip, türkmen energetika pudagynyň maýa goýum mümkinçilikelrine bagyşlanan sessiýany açdy.

Ol konserniň esasy işiniň Türkmenistanyň Günbataryna gönükdirilendigini belledi we bu sebitde nebitiň we gazyň ýataklarynyň aýratynlygy olarda tektoniki bozulmalaryň bolmagy we köp gatlakly gurluşyň bolmagydyr, bu bolsa her nebit we gaz ýatagyny işlemekde innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen birlikde aýratyn çemeleşmäni talap edýär.

«Туркменнефть»: огромные перспективы шельфовых проектов и лучшие условия для инвесторов

Ozaldan özleşdirilýän nebit ýataklarynda almasy kyn bolan nebiti çykarmak üçin, ozal elýeterli bolmadyk aşa çuňlukda ýerleşen nebit gorizontlaryny özleşdirmek üçin ähli tehnologiki önümçiligiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrma işleri geçirilýär, şeýle hem döwrebap tehnika we ýokary netijeli enjamlar giňden ornaşdyrylýar.

Bu wezipeleri çözmek üçin, şeýle hem maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, konsern Yug-Neftegaz Private Limited (Singapur), ПАО «Татнефть» (Tatarystan Respublikasy, RF), Hytaýyň nebit-himiýa korporasiýasynyň ýanyndaky Halkara nebit hyzmat kompaniýasy (SINOPEC), Sсhlumberger we başga-da köp kompaniýalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Konserniň başlygy mümkin bolan hyzmatdaşlary Türkmenistandaky maýa goýum işjeňligine goşulmaga çagyrdy.

Agajanow konserniň geologiýa gözleg işleriniň täze ýokary geljekli usulyýetleri, guýulary gorizontal burawlamakda öňdebaryjy tehnologiýalar, çylşyrymly dag-geologik şertleri bolan nebit ýataklaryny işlemek babatynda tekliplere seretmäge taýýardygyny beýan etdi.

Hyzmatdaşlygyň ýene-de bir möhüm ugurlarynyň biri — nebiti gaýtadan işlemek we nebit-himiýadyr. Häzirki wagtda nebiti we gaz kondensatyny gaýtadan işleýän türkmen kärhanalarynyň kuwwatlygy içerki bazary nebit önümleri bilen doly üpjün etmäge, şeýle hem olary eksport etmäge mümkinçilik berýär.

Täze desgalaryň, şol sanda wodorod öndürýän desgalaryň gurluşygy meýilleşdirilýär. Wodorod gurluşy boýunça halkara bäsleşiginiň netijeleri boýunça Daniýanyň Haldor Topsoe kompaniýasynyň tehnologiýasyny teklip eden kompaniýalar konsorsiumy ýeňiji diýlip yglan edildi – diýip, Guwanç Agajanow habar berdi. Ol konserniň daşary ýurt kompaniýalaryndan nebiti gaýtadan işleýji zawodlary döwrebaplaşdyrmak, önümiň täze nomenklaturasyny çykarmak, önümçiligi ekologiýa laýyk etmek boýunça beýleki tekliplere hem seretmäge taýýardygyny nygtady.

«Туркменнефть»: огромные перспективы шельфовых проектов и лучшие условия для инвесторов

«Türkmennebit» konserni dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň täze burawlaýjy desgalarynyň we enjamlarynyň toplumyna eýe bolup, çuňlugy 7 müň metrden geçýän guýulary burawlamaga mümkinçiligi bardyr. Şeýlelikde, 2017-nji ýylda Hazar deňziniň kenarýakasynda Uzynada ýatagynda konserniň güýçleri bilen Merkezi Aziýa sebitinde çuňlugy 7150 metr bolan iň çuň guýy burawlandy, ondan bir gije-gündizdäki debiti 200 tonna deň bolan nebit kondensatynyň senagat akymy we 500 müň kub metr gaz akymy alyndy. Şu günki günde nebit-gaz ýatagynda eýýäm täze guýularyň onlarçadan gowragy şuňa meňzeş netijeler bilen burawlandy we senagat geriminde özleşdirilýärler.

Konserniň başlygy Hazar deňziniň şelfinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän bu ýatagyň açylmagynyň şelfiň özünde täze ýataklaryň ýüze çykarylma mümkinçiligini köp gezek artdyrýandygyny belledi. Bu bolsa öz gezeginde göni daşary ýurt maýa goýumlary üçin geljegi uly ygtyýarly bloklaryň özleşdirilmeginiň özüne çekijiligini artdyrýar.

Bu segmentde hem gury ýerde, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen böleginde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň «Uglewodorod serişdeleri hakyndaky» Kanunynyň çäklerinde we önümi paýlaşmak hakynda baglaşylan ylalaşyklaryň çäginde amala aşyrylýar.

Agajanow söwet döwründen soňky giňişlikdäki we beýleki döwletleriň kanunçylyklary bilen deňeşdireniňde kanun tarapyndan maýa goýumçylar üçin amatly fiskal şertleriň döredilendigini nygtady, ol döwletlerde 10-12 salgyt tölegi we hökmany tölegler göz öňünde tutulýar. Olardan tapawutlylykda, Türkmenistanyň kanuny salgydyň diňe bir görnüşini – girdeji salgydyny we tebigy serişdelerden peýdalanmak hukugy üçin 2-3 tölegi göz öňünde tutýar.

«Туркменнефть»: огромные перспективы шельфовых проектов и лучшие условия для инвесторов

Häziki wagtda baglaşylan şertnamalaryň çäklerinde konsern halkara kompaniýalary bilen, hususan-da, Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd., bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär, ol Çeleken şertnamalaýyn çäkde Jeýtun we Jygalybeg ýataklarynda nebit amallaryny amala aşyrýar.

Önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygyň baglaşylan wagtyndan bäri – 1999-njy ýylyň 10-njy noýabry, kompaniýa 54 mln tonnadan gowrak nebiti gazyp çykardy. 2022-nji ýylyň iýul aýynda Ylalaşyk 2035-nji ýylyň maý aýyna çenli uzaldyldy. Häzir Dragon Oil Çelekeniň öňündäki kupolyň gurluşynda 4 sany gorizontal-eňňit gönükdirilen guýyny burawlamagy meýilleşdirýär, bu hem bolsa nebitiň alnyşyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Umuman, Hazar deňziniň türkmen böleginde 30-dan gowrak giň ygtyýarlandyrylan bloklar bardyr. Guwanç Agajanow mümkin bolan maýa goýumçylara käbir bloklar boýunça has giňişleýin maglumaty berdi.

Tanyşdyrylyşyň ahyrynda Agajanow konserniň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatyndaky geçirýän işini belledi, «Türkmennebit» DK-niň döwrebap ekologiki we serişdelere aýawly çemeleşýän tehnologiýalara geçmäge ymtylýandygyny beýan etdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026