HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dragon Oil ýakyn 15 ýylda Türkmenistana 8 mlrd amerikan dollaryndan az bolmadyk maýa goýmagy meýilleşdirýär

Aprel 26, 2023 | 14:59 |9402
Türkmenistanyň täze reformalary, milli kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurt bilen maýa goýum gatnaşygyny ep-esli giňeltmäge ýardam edýär, sebäbi ilkinji nobatda maýa goýumçylar goýumlardan geljek girdejini gözden geçirýärler, şeýle hem intellektual aktiwleriň transferi barada pikir edýärler. Bu barada Dubaýyň Ýerine ýetirji geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed bin Said Al Maktum Türkmenistanyň nebit-gaz maýa goýum forumynyň plenar sessiýasynda çykyş etmek bilen aýtdy.Türkmenistanyň täze reformalary, milli kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurt bilen maýa goýum gatnaşygyny ep-esli giňeltmäge ýardam edýär, sebäbi ilkinji nobatda maýa goýumçylar goýumlardan geljek girdejini gözden geçirýärler, şeýle hem intellektual aktiwleriň transferi barada pikir edýärler. Bu barada Dubaýyň Ýerine ýetirji geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed bin Said Al Maktum Türkmenistanyň nebit-gaz maýa goýum forumynyň plenar sessiýasynda çykyş etmek bilen aýtdy.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

Türkmenistanyň täze reformalary, milli kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurt bilen maýa goýum gatnaşygyny ep-esli giňeltmäge ýardam edýär, sebäbi ilkinji nobatda maýa goýumçylar goýumlardan geljek girdejini gözden geçirýärler, şeýle hem intellektual aktiwleriň transferi barada pikir edýärler. Bu barada Dubaýyň Ýerine ýetirji geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed bin Said Al Maktum Türkmenistanyň nebit-gaz maýa goýum forumynyň plenar sessiýasynda çykyş etmek bilen aýtdy.

Ol soňky wagtda bu ugurda işewürligi we onuň netijeliligini ösdürmek üçin möhüm ädimleriň ädilendigini we Türkmenistanda amatly iş gurşawyny döretmekdäki gowulandyrmalaryň gatnaşyklaryň işjeňleşmegine ýardam edendigini aýtdy.

— 23 ýyldan gowrak bilelikdäki işiň dowamynda Dragon Oil kompaniýasy Türkmenistanyň nebit ýataklaryny işlemek taslamalaryna 8 milliard dollardan gowrak maýa goýdy we ýakyn 15 ýylyň dowamynda ýene-de iň azyndan şonça mukdarda maýa goýmaga taýýardyr – diýip, Ahmed bin Said Al Maktum beýan etdi.

Dragon Oil намерена в ближайшие 15 лет инвестировать в Туркменистан не менее $8 млрд

Arap işewürliginiň işjeň bolup biljek esasy ugurlarynyň biri hökmünde ol energetika pudagynyň özgerdilmegini we Türkmenistanyň hökümetiniň energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçmek başlangyjynyň goldawyny aýtdy, BAE-niň gün, ýadro, wodorod we beýlekiler ýaly energetika görnüşlerini ulanmakda uly tejribesiniň bardygyny belledi.

Al Maktum şol bir wagtda bilimi we tejribäni bermek arkaly türkmen bazarynyň daşary ýurt maýa goýumçylary üçin açyklygyny ýokarlandyrmak arkaly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi barada aýtdy.

Sözüniň soňunda ol öz maşgalasy bilen Türkmenistana, Awaza – «syýahatçylyk üçin, işjeňlik üçin ajaýyp ýere» gelip görmek isleýändigini sözüniň üstüne goşdy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026