Hytaýda 29-njy aprelden başlap ýurda girýänleriň PSR-test şahadatnamalarynyň barlagy ýatyrylýar


Hytaýyň häkimiýetleri 29-njy aprelden başlap ýurda gelýän ýolagçylar üçin PSR-şahadatnamalarynyň barlagyny bes edýärler. Bu barada HHR-nyň DIM-niň resmi wekili Mao Nin beýan etdi.
Indi gelýänler üçin ýurda uçmagyna 48 sagat galanda edilen COVID-19 testiniň barlagy göz öňünde tutulýar. Çäreler bu ýurda gelmeleri amatly etmek üçin kabul edildi.
«Hytaý epidemiologik ýagdaýy göz öňünde tutup, amatly we ylmy taýdan esaslandyrylan çäreleri kabul etmegini, hytaý we daşary ýurt raýatlary üçin düzgünleşdirilen we howpsuz gelmeleri dowam etdirer – diýip, ýurduň diplomatik edarasynyň wekili beýan etdi.
15-nji martdan başlap, HHR-nyň daşary ýurt raýatlary üçin wizalaryň ähli görnüşlerini berip başlandygyny belläp geçmelidiris.
ORIENT habarlar








