HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dubaýda Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça forum açyldy

Aprel 26, 2023 | 11:30 |10212
BAE-niň iri şäherinde Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumy öz işine başlady.BAE-niň iri şäherinde Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumy öz işine başlady.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

BAE-niň iri şäherinde Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumy öz işine başlady.

Çäre döwlet düzümlerine, iri kompaniýalara, akademiki we işewürlik toparlaryna wekilçilik edýän 300-den gowrak wekiliýetleri bir meýdançada ýygnady.

Forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan britan kompaniýasy GaffneyCline we «Türkmen Forum» HJ bilen bilelikde gurnaldy.

Forumyň gatnaşyjylaryna iberen gutlagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu çäräniň ýurduň nebit-gaz pudagyna maýa goýumlaryny has işjeň çekmäge mümkinçilik berjekdigine, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ony öňe ilerletmäge, ylmyň iň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynanýandygyny beýan etdi.

Forumyň plenar sessiýasy global energetikanyň geljeginde Türkmenistanyň eýeleýän ornuna bagyşlandy. Onda wekiliýetler uglewodorodlaryň ýatagyny işläp düzmek, olary daşamak we ýokary tehnologiýaly gaýtadan işleýji kärhanalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly Türkmenistanda ýerine ýetirilýän taslamalaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşarlar.

Plenar sessiýada BAE-niň döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýeg, «Türkmengaz» DK-niň başlygy Batyr Amanow, CNPC-niň ýanyndaky «Bližniý Wostok» kompaniýasynyň prezidenti Wan Guýhaý, Total Energies kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Loran Wiwýe we başgalar çykyş ederler.

Forumyň birinji gününde gury ýerdäki türkmen energetika pudagynyň maýa goýum mümkinçilklerine, uglewodordlaryň ýatagyny işlemegiň ekologik jähtlerine bagyşlanan, şeýle hem energetika bazarynyň içerki we sebitleýin ösüşiniň geljegine bagyşlanan üç sessiýany geçirmeklik meýilleşdirilýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026