Türkmenistan medeni mirasy gorap saklamak boýunça Aziýa birleşmesiniň Baş assambleýasyna wekilçilik etdi


Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew medeni mirasy gorap saklamak boýunça Aziýa birleşmesiniň Baş assambleýasynyň Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň dolandyryş merkezi Sianda geçen işine gatnaşdy. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň HHR-daky diplomatik wekilhanasynda habar berdiler.
Türkmenistan Baş assambleýa hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Çärede Parahat Durdyýew gatnaşyjylara Türkmenistanyň medeni mirasy, ýurtda taryhy ýadygärlikleri goramak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Diplomat şeýle hem ol ýere gelenleri Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary bilen tanyşdyrdy.
Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Aziýa birleşmesiniň Baş assambleýasy Aziýanyň 20-den gowrak ýurdundan bilermenleri, medeni miras boýunça üç sany esasy halkara guramalaryň – ÝUNESKO-nyň, medeni gymmatlyklary öwrenmek, saklamak we gaýtadan dikeltmek boýunça Halkara merkeziň we dawa-jenjeller zolagynda mirasy gorap saklamak boýunça Halkara berleşmesiniň wekillerini ýygnady.
Gatnaşyjylar tarapyndan resmi taýdan medeni mirasy gorap saklamak boýunça Aziýa gaznasyna badalga berildi, Birleşmäniň Sian ähtnamasy kabul edildi, şeýle hem Ýüpek ýolunyň arheologiýasynyň Bilelikdäki ylmy-barlag merkezi açyldy.
2019-njy ýylyň maýynda Pekinde geçen «Siwilizasiýalaryň dialogyna ýardam etmek we Aziýanyň geljegini döretmek» Maslahatynda HHR-nyň başlygy Si Szinpin Hytaýyň Aziýanyň medeni mirasyny gorap saklamak üçin we siwilizasiýanyň aýawly saklanmagy we muňa ýardam edilmegi üçin beýleki ýurtlar bilen işleşmäge taýýardygyny beýan edipdi.
Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň noýabrynda Aziýanyň medeni mirasyny gorap saklamak boýunça birinji Aziýa dialogynyň barşynda 10 ýurt, şol sanda Hytaý tarapyndan Aziýanyň medeni mirasyny gorap saklamak boýunça Birleşmä başlangyç berlipdi.
ORIENT habarlar








