HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Raşid Meredow we Entoni Blinken Waşingtonda duşuşyk geçirdi

Aprel 25, 2023 | 07:57 |12066
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken we wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni 24-nji aprelde ABŞ-nyň Döwlet departamentinde, Waşingtonyň duşuşyk geçirdi.ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken we wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni 24-nji aprelde ABŞ-nyň Döwlet departamentinde, Waşingtonyň duşuşyk geçirdi.
Çeşme: state.gov

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken we wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni 24-nji aprelde ABŞ-nyň Döwlet departamentinde, Waşingtonyň duşuşyk geçirdi.

Blinken, gepleşikler başlamazdan ozal, duşuşygyň köpçülik bölüminde Meredow bilen diňe iki aý ozal C5 + 1 formatda (Astanada) duşuşandygyny, indi ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn esasda gepleşigi dowam etmegiň mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň territorial bitewiligini, özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny berk goldaýar, şeýle hem howanyň üýtgemegi ýaly meseleleri çözmek, ykdysady, bilim gatnaşyklaryny we adam hukuklary işjeňligini güýçlendirmek üçin bilelikdäki işini giňeldýär.

Raşid Meredow Entoni Blinkene türkmen wekiliýetini çagyrandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we häzirki sapar wagtynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň dowamynda Döwlet departamentiniň kärdeşleri bilen Türkmenistan we ABŞ-nyň arasynda energetika, ykdysadyýet, hukuk ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlyga degişli köp meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Ministriň sözlerine görä, ABŞ-a bolan bu sapar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder.

Döwlet Departamenti duşuşygyň netijeleri boýunça metbugat habarnamasyny çap etdi. Onda duşenbe güni ýylda geçirilýän maslahatlarda ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen Türkmeniň Daşary işler ministriniň ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we onuň ugurlaryny gözden geçirýändigi aýdylýar.

Hasabatda, Blinken «Howanyň krizisine garşy göreşmek üçin metanyň zyňyndylaryny azaltmagyň möhüm ähmiýetini nygtady we Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagyndan metanyň zyňyndylaryny çalt azaltmak üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini kesgitledi» diýilýar.

Şeýle hem diplomatlar medeni, bilim we hukuk hyzmatdaşlygy barada-da pikir alyşdylar. Şeýle hem, owgan aýal-gyzlarynyň hukuklaryny öňe sürmek we goramak boýunça edilýän tagallalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Entoni Blinken we Raşid Meredow sebitdäki ösüş, howpsuzlyk hyzmatdaşlygy we ykdysady gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026