HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi "Hazar – dostluk deňzi" motoýörişine ýokary baha berdi

Aprel 23, 2023 | 21:57 |7613
"Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi sebit gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga we umuman halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilip, geçirilen motosikl ýörişine ýokary baha berýär" – diýip, daşary syýasat edarasynyň saýtynda  şenbe güni KHBS üçin ýerleşdirilen habarda bellenýär."Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi sebit gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga we umuman halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilip, geçirilen motosikl ýörişine ýokary baha berýär" – diýip, daşary syýasat edarasynyň saýtynda  şenbe güni KHBS üçin ýerleşdirilen habarda bellenýär.
Çeşme: mid.ru

"Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi sebit gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga we umuman halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilip, geçirilen motosikl ýörişine ýokary baha berýär" – diýip, daşary syýasat edarasynyň saýtynda şenbe güni KHBS üçin ýerleşdirilen habarda bellenýär.

Aprel aýynyň başynda Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkiniň başlangyjy bilen geçirilen “Hazar – dostluk deňzi” atly motoýaryşyň hazarýaka döwletleri birleşdirýän dostlukly goňşuçylyk gatnaşyklaryň mizemezdigini görkezdi, - diýlip, habarda bellenýär.

Uzynlygy 5 müň kilometre barabar bolan motoýöriş Hazaryň ähli döwletleriniň - Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Azerbaýjanyň çäginden geçdi. Oňa Astrahan sebitiniň motohereket agzalary gatnaşdylar. Motosikl sürüjileriniň kerwenine gubernator Igor Babuşkiniň hut özi ýolbaşçylyk etdi.

Motosikl ýaryşynyň çäginde Russiýanyň bu sebitiniň ýolbaşçysynyň hazarýaka döwletleriň resmileri, hususan-da Türkmenistanyň Prezidenti, Azerbaýjanyň premýer-ministri, Gazagystan we Eýran sebitleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary we gepleşiklery geçirildi. Ylalaşyklar gazanyldy we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminama gol çekildi.

Bu özboluşly halkara taslama köpçülik we syýasy taýdan ýokary baha berildi, şeýle hem Hazar sebitiniň ähli ýurtlarynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňişleýin ýaýbaňlandyryldy.

Ministrlikde: "Ýörişiň netijeleri Hazaryň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklar sebiti bolandygyny we bolmagyny dowam edýändigini görkezýän nobatdaky subutnama boldy" - diýdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026
Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

17:00 Sentýabr 03, 2026