HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wengriýanyň prezidenti 2024-nji ýylda Türkmenistana saparyny meýilleşdirýär

Aprel 24, 2023 | 12:10 |10912
Wengriýanyň prezidenti Katalina Nowak döwlet baştutanyna ynanç hatyny gowşuran Türkmenistanyň Wengriýadaky ilçisi Hemra Amannazarow bilen duşuşygy mahaly 2024-nji ýylda Türkmenistana sapar bilen gelmek islegini beýan etdi.Wengriýanyň prezidenti Katalina Nowak döwlet baştutanyna ynanç hatyny gowşuran Türkmenistanyň Wengriýadaky ilçisi Hemra Amannazarow bilen duşuşygy mahaly 2024-nji ýylda Türkmenistana sapar bilen gelmek islegini beýan etdi.
Çeşme: ТАСС

Wengriýanyň prezidenti Katalina Nowak döwlet baştutanyna ynanç hatyny gowşuran Türkmenistanyň Wengriýadaky ilçisi Hemra Amannazarow bilen duşuşygy mahaly 2024-nji ýylda Türkmenistana sapar bilen gelmek islegini beýan etdi.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň möhümdigini belläp, Nowak prezident edarasynyň jogapkär adamlaryna we Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrligine geljekki saparyň taýýarlyk meselelerine seretmekligi tabşyrdy – diýip, Türkmenistanyň Wengriýadaky ilçihanasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty Wenger Halk Respublikasynyň baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hemra Amannazarow Katalina Nowaga Türkmenistanyň soňky gazananlary we üstünlikleri barada, ýurduň ýokary derejedäki gatnaşyklary öňe sürmek üçin mümkinçiligi barada habar berdi.

Türkmenistanyň Wengriýa bilen diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň maýynda ýola goýlupdy. Wengriýa Respublikasy 1991-nji ýyldan bäri Ýewropanyň Geňeşiniň agzasydyr, 2004-nji ýyldan bäri bolsa — Ýewropa Birleşiginiň doly hukukly agzasydyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026
Hytaý robotlary World AI Summit sammitinde öňdebaryjy mümkinçiliklerini görkezdi

Hytaý robotlary World AI Summit sammitinde öňdebaryjy mümkinçiliklerini görkezdi

18:30 Oktýabr 10, 2026