HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlaryň arasynda küşt boýunça ýaryş geçirildi

Aprel 20, 2023 | 11:24 |8690
«Awaza» syýahatçylyk zolagynda küşt we şaşka boýunça görüş maýyplygy bolan adamlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.«Awaza» syýahatçylyk zolagynda küşt we şaşka boýunça görüş maýyplygy bolan adamlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.
Çeşme: maýyplaryň Merkezi Bedenterbiýe-sport kluby

«Awaza» syýahatçylyk zolagynda küşt we şaşka boýunça görüş maýyplygy bolan adamlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Ýurduň Maýyplaryň merkeziniň Bedenterbiýe-sport kluby tarapyndan gurnalan ýaryş Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtyndan ýüzden gowrak gatnaşyjyny ýygnady.

Türkmenistanyň Maýyplaryň merkeziniň Bedenterbiýe-sport klubynyň wekili Azat Narbaýewiň ORIENT-e gürrüň bermegine görä, bu intellektual oýunlarda maýyplygy bolan adamlar üçin düzgünleriň köpüsi küşt we şaşka üçin häsiýetli bolan adaty görkezmelere meňzeşdir.

Ýaryşyň jemleri boýunça küşt ýaryşlarynda birinji ýeri Aşgabatdan Aýdogdy Aýdogdyýew eýeledi. Kümüş medala Mergen Muhaýew (Daşoguzdan) eýe boldy. Balkan welaýatynyň wekili Gurbanmuhammet Durdyýew üçünji orna mynasyp boldy.

Zenanlaryň arasynda Balkan welaýatyndan Ogulgurban Garajaýewa çempion boldy. Ikini orny Daşoguzyň wekili Mahym Taganowa eýeledi. Bürünç medala – Mahym Gurdowa (Mary şäheri) eýe boldy.

Erkekleriň arasynda şaşka boýunça geçirilen oýunlarda Marydan Çarymyrat Orazdurdyýewiň ussatlyk görkezmegi ony çempionlygyna getirdi. Kümüş medalyň eýesi Kuwwatguly Taganow boldy (Daşoguz ş.). Bürünç medala Mary welaýatynyň ýene-de bir wekili Myratgeldi Amanow mynasyp boldy.

Zenanlaryň arasynda Marydan Läle Myradowa iň gowy netije görkezip, finalda Daşoguz welaýatynyň wekili Sewinç Waisowadan üstün çykmagy başardy. Üçünji ýeri Aýgül Myradowa eýeledi (Aşgabat ş.).

Ýeňijiler we baýraklara mynasyp bolalar ýaryşy gurnaýjylaryň sylaglary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

«Şeýle çäreleriň geçirilmegi — mümkinçiligi çäklendirilen adamlaryň durmuşy taýdan uýgunlaşmagynyň we dikelmeginiň möhüm bölegidir. Ýakyn wagtda bize şuňa meňzeş ýaryşlary guramagy dowam etdirmegi meýilleşdirýäris. Şeýlelikde, 2-5-nji maýda Daşoguzda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça daýanç-hereket ediş apparatynda bozulmalary bolan maýyplaryň arasynda çempionat geçiriler» - diýip, Azat Narbaýew sözüniň üstüne goşdy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026