HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy iň köp bolan GDA ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan ilkinji üçlüge girdi

Aprel 22, 2023 | 17:57 |8427
2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Özbegistanyň GDA ýurtlary bilen daşary söwda dolanyşygy 4,77 milliard dollara ýetdi, şolardan eksportyň mukdary 1,69 milliard dollar, importyň mukdary bolsa 3.07 milliard dollara deňdir.2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Özbegistanyň GDA ýurtlary bilen daşary söwda dolanyşygy 4,77 milliard dollara ýetdi, şolardan eksportyň mukdary 1,69 milliard dollar, importyň mukdary bolsa 3.07 milliard dollara deňdir.
Çeşme: UzDaily.uz

2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Özbegistanyň GDA ýurtlary bilen daşary söwda dolanyşygy 4,77 milliard dollara ýetdi, şolardan eksportyň mukdary 1,69 milliard dollar, importyň mukdary bolsa 3.07 milliard dollara deňdir.

Arkalaşygyň ýurtlary bilen daşary söwda dolanyşygynyň iň köp möçberi Russiýa (46,9%), Gazagystan (23.2%) we Türkmenistan (5.5%) bilen hasaba alyndy – diýip, Özbegistanyň Statistika gullugyna salgylanýan UzDaily.uz habar berýär. GDA ýurtlarynyň daşary söwda dolanyşygynyň paýy 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,9% ýokarlandy, 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň netijelerine görä, olaryň daşary söwda dolanyşygyndaky paýy bolsa 32,3% deň boldy.

Şu ýylyň ilkinji üç aýynda 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, GDA ýurtlarynyň eksportynyň paýy 8,1% artdy, importynyň paýy bolsa 3,5% azaldy we 33,8% deň boldy.

Umuman, 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň netijeleri boýunça Özbegistana 155 ýurtdan harytlar we hyzmatlar import edildi. Importyň 2/3 gowragy Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Germaniýa, Koreýa Respublikasy, Türkiýe we Türkmenistan ýaly iri hyzmatdaş ýurtlaryň paýyna düşýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026