HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-NYŇ ILÇIHANASYNYŇ ILKINJI EKOFESTIWALY TÜRKMENABATDA GEÇIRILDI

Aprel 23, 2023 | 14:16 |11362
22-nji aprelde ABŞ-nyň Ilçihanasy Halkara Ýer gününe bagyşlanan ilkinji ekofestiwaly Türkmenabat şäherinde gurnady. Türkmenabat şäheriniň “Bitaraplyk” seýilgähinde geçirilen bu çäre hemmeler üçin açykdy.  Açylyş dabarasyndan soň myhmanlar sungat, bilim, tehnologiýa we medeniýet ýaly temalara bagyşlanan stendlere aýlandylar.22-nji aprelde ABŞ-nyň Ilçihanasy Halkara Ýer gününe bagyşlanan ilkinji ekofestiwaly Türkmenabat şäherinde gurnady. Türkmenabat şäheriniň “Bitaraplyk” seýilgähinde geçirilen bu çäre hemmeler üçin açykdy.  Açylyş dabarasyndan soň myhmanlar sungat, bilim, tehnologiýa we medeniýet ýaly temalara bagyşlanan stendlere aýlandylar.
Çeşme: ABŞ-NYŇ ILÇIHANASY

22-nji aprelde ABŞ-nyň Ilçihanasy Halkara Ýer gününe bagyşlanan ilkinji ekofestiwaly Türkmenabat şäherinde gurnady. Türkmenabat şäheriniň “Bitaraplyk” seýilgähinde geçirilen bu çäre hemmeler üçin açykdy. Açylyş dabarasyndan soň myhmanlar sungat, bilim, tehnologiýa we medeniýet ýaly temalara bagyşlanan stendlere aýlandylar.

EcoFest1.jpg

ABŞ-nyň Ilçisi Mettýu Klimow gündelik durmuşymyza daşky gurşawy goramak boýunça herekelerini girizmegimiziň ähmiýetini öz çykyşynda belledi. Howanyň üýtgemegi, biodürlüligiň ýitmegi, daşky gurşawyň hapalanmagy ýaly global daşky gurşaw meselelerini agzap geçip, Ilçi Klimow her bir hereketiň ähmiýetiniň uludygyny aýtdy. Ilçi Klimow şeýle hem zibilleri we galyndylary gaýtadan işlemegiň we azaltmagyň möhümdigini belläp, her bir adamy has durnukly geljege goşant goşmak üçin bu işe goşulmaga çagyrdy.

EcoFest2.jpg

Ilçi Klimow "Bu waka, planetamyzy goramagyň we tebigy baýlyklary goramagyň möhümdigini global derejede ýatladýar. Bu, daşky gurşaw bilen gatnaşygymyz hakda pikirlenip, ony hereketlerimiz bilen goramak jogapkärçiligini öz üstümize ýene-de bir gezek alyp biljek günümiz" -diýdi. "Ekofestiwalyň ruhunda, şu gün sizi daşky gurşawymyzy goramak üçin bir ädim almaga çagyrýaryn. Geliň hemmämiz planetamyzy goramak we ony geljekki nesiller üçin sagdyn saklamak üçin öz işimizi ýerine ýetireliň".

Bu çäre ABŞ-nyň Ilçihanasy we Türkmenabat Amerikan burçy tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti we Türkmenabat şäher Häkimligi bilen bilelikde guraldy.

EcoFest4.jpg

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň soraglaryny ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň maglumat we medeniýet bölümine ibermegiňizi haýyş edýäris: USEmbassy-Ashgabat-PAS@state.gov

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026
Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

17:00 Sentýabr 03, 2026