Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

BAE startaplar üçin bütindünýä bäsleşigine badalga berer

Aprel 22, 2023 | 12:21 |7950
BMG-niň 2023-nji ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabryna çenli geçjek howanyň üýtgemegi boýunça Maslahatynyň (COP 28) öňüsyrasynda BAE-niň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministrligi durnukly ösüşe we dekarbonizasiýa gönükdirilen tehnologik kärhanalar üçin startaplaryň bütindünýä bäsleşigini  (Make it in the Emirates Forum) geçirer.BMG-niň 2023-nji ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabryna çenli geçjek howanyň üýtgemegi boýunça Maslahatynyň (COP 28) öňüsyrasynda BAE-niň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministrligi durnukly ösüşe we dekarbonizasiýa gönükdirilen tehnologik kärhanalar üçin startaplaryň bütindünýä bäsleşigini  (Make it in the Emirates Forum) geçirer.
Çeşme: arabianbusiness.com

BMG-niň 2023-nji ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabryna çenli geçjek howanyň üýtgemegi boýunça Maslahatynyň (COP 28) öňüsyrasynda BAE-niň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministrligi durnukly ösüşe we dekarbonizasiýa gönükdirilen tehnologik kärhanalar üçin startaplaryň bütindünýä bäsleşigini (Make it in the Emirates Forum) geçirer.

31-nji maýdan 1-nji iýuna çenli geçiriljek bäsleşik bütin dünýädäki startaplara durnukly ösüş babatynda innowasiýalary (täzeçillikleri) we tehnologiýalary görkezmek üçin meýdança bermäge, bu babatda tejribe alyşmaga mümkinçilik bermäge niýetlenendir. Startaplar şeýle hem geljekdäki ýaşyl pudaklaryň esasyny goýmak üçin mundan beýläk ösmäge we BAE-de öz tehnologiýalaryny ýaýbaňlandyrmaga mümkinçilik alarlar.

«Biz startaplaryň bir giden pudaklary üýtgedip biljek eýýamynda ýaşaýarys. Bu startaplaryň dünýäniň wajyp meseleleri üçin, şol sanda howanyň üýtgemegi üçin köp zady wada edýän çözgütleri bar» - diýip, BAE-niň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministrliginiň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we ösdürmek boýunça direktory Tarik Al Haşimi aýtdy.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüz tutmalary tabşyrmagyň soňky möhleti – 5-nji maý.

Eminler hödürlenen innowasion işläp düzmeleriň, öňe gidiş mümkinçiliginiň, gerimliginiň we taslamanyň durnuklylygynyň we bäsleşige artykmaçlyklarynyň esasynda 24 startapy seçip alar.

Bäsleşik Make it in the Emirates (Muny Emiratda amala aşyr) şygary astynda ýurda maýa goýumçylaryny, senagatçylary we önümçiligiň täzelikçilerini çekmek maksady bilen, BAE tarapyndan badalga berlen birnäçe başlangyçlaryň biridir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

19:00 Sentýabr 21, 2026
AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

17:00 Sentýabr 21, 2026
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026