Londonda geçirilen halkara saz bäsleşiginde türkmen skripkaçynyň ýeňşi


Jemal Agajanowa – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby 1-nji orny eýeledi we Londonda onlaýn geçirilen skripka ýerine ýetirijileriniň halkara bäsleşiginiň baýragynyň eýesi boldy. Abraýly saz bäsleşigi Angliýanyň paýtagtynda dünýäniň dürli künjeklerinden onlarça sazandany bir ýere jemledi. Ýeňijiler tomus möwsüminde Parižde bilim, ylym, medeniýet we sungat pudagynda her ýylky dabarasynda «Iň gowudan iň gowusy» baýragy bilen sylaglanarlar.

TMK-nyň saz gurallary bölüminiň talyby ýaryş maksatnamasynda beýik rus kompozitory Pýotr Iliç Çaýkowskiniň – re mažor orkestri bilen skripka üçin konsertiniň iň oňat we çylşyrymly eserlerinden birini hödürledi. Awtor kompozisiýany zehinli skripkaçy Leopold Auere bagyşlady we kompozisiýa ilkinji gezek Wenada 1881-nji ýylda ussat sazanda Adolf Brodskiý tarapyndan ýerine ýetirildi.
Türkmen skripkaçysy emin agzalaryna haýal liriki Canzonetta andante –sol minor ikinji bölegini we ussat – Finale – üçünji bölegini hödürledi. Ýöne Allergo vivacissimo – re mažor, ähli tehniki inçelikleri göz öňünde tutup, sazanda skripka çalmak ussatlygyny görkezmäge mümkinçilik berýär.

Jemal Agajanowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Altyn Asyr» baýragynyň ýeňijisi – TMK mugallymy Näzik Saryýewanyň we halkara ýaryşlarynyň ýeňijisi we diplomanty – konsermeýster Stella Faramazowanyň synpynda okaýar. Tejribeli halypalar bilen dowamly okuwlar öz «miwelerini» berdi - talyp köp sanly ýerli we halkara saz ýaryşlarynyň ýeňijisi.
Ýaş skripkaçy 2019-njy ýylda orta ýöriteleşdirilen bilim edaralarynyň ýerine ýetirijileriniň arasynda geçirilen Döwlet bäsleşiginde ilkinji ýeňşini gazandy. Gitdigiçe: 2020-nji ýylda Bakuwda Yslam döwletleriniň sazandalarynyň halkara bäsleşiginde III orny eýeledi, 2021-nji ýylda birbada birnäçe halkara ýaryşyna gatnaşdy we Nissa (Fransiýa) saz bäsleşiginde çykyş edenligi üçin II baýrak aldy.

Onuň baýrakly sanawynda Halkara Gazagystan bäsleşiginiň we Kazan şäherinde geçirilen rus saz bäsleşiginiň baýraklary hem bar.
Jemalyň Londonda geçirilen şeýle abraýly bäsleşikde gazanan iň ýokary oruny diňe bir türkmen ýerine ýetirijisiniň şahsy üstünligi däl, eýsem Türkmenistanyň ähli milli skripka mekdebiniň gazanan üstünligidir.

Bezirgen Mämmedow








