Ýaşasyn Instagram! - suratkeş Mahym Atakowanyň sosial ulgamdaky eserleri Londondaky sungat galereýasynyň ünsüni özüne çekdi


Mahym Atakowa ýaş suratkeş, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby, Orient-iň okyjylaryna «Erteki düýşi» atly ajaýyp işiniň awtory hökmünde tanyş. Ol, ýaňy-ýakynda birbada iki habar aldy: birinjisi, Drawing paper show-2023 (Liwerpul, Angliýa) halkara serginiň topary Mahymyň suratlaryndan birini halkara wirtual sergisine gatnaşmak üçin saýlady. Bu hakda biraz soňrak gürrüň bererin.

Başlajak ikinji habarym, türkmen talybyna Plogix Gallery halkara bileleşigine agzalyga kabul edildmegi. Çeperçilik galereýasy Londonda ýerleşýär we dünýäniň iň gowy häzirki zaman suratkeşlerini birleşdirýär.

Bu habar, Mahymyň özi üçin garaşylmadyk bir zat boldy. Ol Instagram sahypasynda goýan eserleriniň Plogix Gallery-iň hünärmenleri tarapyndan görülendigini we döwrümiziň meşhur sungat işgärlerini we kolleksionerlerini öz içine alýan guramanyň baha beriş komitetine iberilendigi barada hat aldy. Olar Türkmenistanly gelen ýaş suratkeşiň çeken suratlarynyň haýran galdyryjydygy we mümkin bolan 100 nutukdan 87 nutuk almagy hem-de awtora dürli ýurtlaryň iň ussat suratkeşi toparyna «agzalyk kartoçkasyny» sowgat etmek barada karar berdiler.

Plogix Gallery – bu 2018-nji ýylda döredilen çeperçilik galereýasy we sungat toparydyr. Sungat eserlerini paýlaşýan, eserleriň kolleksionerleri bilen aragatnaşyk saklaýan we bütin dünýäde wirtual sergileri gurnaýan höwesjeňleriň, hünärmenleriň we sungat söýüjileriniň uly ulgamyna eýedir. Plogix agzalary ýüzlerçe müň myhman we alyjy tarapyndan onlaýn görülýän her aýlyk sergide öz işlerini görkezip bilerler.

Emma Liwerpulyň «Drawing paper show» Biennalesi 21-nji iýunda Bridewell studiýasynda açylar we 13-nji awgusta çenli dowam eder. Mahymyň köp eseriniň arasynda sergini gurnaýjylar ýene-de ýerli, şeýle hem dünýäniň dürli döwletlerinde geçen halkara sergilerini bendi eden «Erteki düýş» eserini saýladylar. Emma Liwerpulda suratyň reproduksiýasy çykarylar. Suratyň özi Amerika «gitdi». Ony suratyň muşdagy we ussady aldy we «Erteki düýş» hazir ştatlarda hususy kolleksiýada saklanýar.

Mahym Atakowanyň başga bir eseri - «Iň gowy dostlar», şu ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda Kanadanyň Ontario şäherinde geçirilen başga bir halkara onlaýn sergisinde görkezildi. Gyzy we alabaý güjüklerini şekillendirýän suratda, häzir aýdylyşy ýaly mylaýymlygy bilen «öte geçýär» we hoşniýetlilik, mähir we tükeniksiz söýgi ýaýradýar. Suratyň manysy, terjimede «Bagt» diýmegi aňladýan Happiness serginiň adyny doly açýar. Gatnaşanlaryň geografiýasy dürli-dürli bolup, Amerikaly, Wengriýaly, Beýik Britaniýaly, Gonkongly, Kanadaly, Hytaýly, Meksikaly, Polşaly, Rumyniýaly, Çehiýaly, Efiopiýaly suratkeşler galereýada iň gowy eserlerini görkezdiler. Dünýäniň 140 töweregi ýurdy.

Mahym şu günler diňe bir gowy habar däl, eýsem «Ekologiýanyň reňkleri» atly halkara suratkeşleriň bäsleşigine gatnaşandygy üçin hem baýrak aldy. Döredijilik bäsleşigi 2022-nji ýylda Russiýada geçirildi. Guramaçylar Mahymyň çeken suratlaryna ýokary baha berdiler we ýatdan çykmajak sowgatlar bilen sylagladylar. Ýeňiji poçta arkaly rus awtorlaryň, şol sanda meşhur syýahatçy Fýodor Konýuhowyň gol çeken kitaplaryny aldy.

Bu ýeňiş ýaş suratkeşiň baý «çempion sanawyna» goşuldy. 25 ýaşynda, ol eýýäm tanalýan stili emele getirdi we diplomyň ýeňijisi hem-de sungat işgärleri üçin geçirilen köp sanly halkara we ýerli ýaryşlaryň baýragynyň eýesi boldy.

Ozal Mary çeperçilik mekdebiniň okuwçysy, häzir bolsa Türkmen çeperçilik akademiýasynyň Şekillendiriş sungaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Mahym Atakowa, dünýäniň dürli künjeklerinde bolup geçýän halkara sergilerinde ajaýyp suratlary bilen Türkmenistan, onuň ýaşaýjylary, tebigaty we haýwanat dünýäsi barada gürrüň berýär. Onuň suratlarynda ýönekeý adamlaryň durmuşyndan ajaýyp pursatlary we hakyky duýgulary - şatlyklary we gynançlary, iş hysysrdysy, oba jaýynyň howlusynda çagalaryň oýnamagy, tamdyrda çörek bişirýän aýallaryň zähmetini ýa-da günüň yssy şöhleleriniň astynda rahatlyk bilen irkilýän enäni görüp bolýar. Awtor öz gahrymanlarynyň keýpindäki her ujypsyz aýratynlygy belläp geçýär, suratkeşiň bakyşy mozaika ýaly gurşap alýan dünýäniň owadanlygy «ýygnanýan» ýekeje bölejigi hem gaçyrmaýar.

Ýeri gelende aýtsak, Orient-iň okyjylary ýaş suratkeşiň iki täze suratyny - «Hat»- materialyň ilkinji suraty we heniz sergilenmedik «Leýliniň portreti» suratyny ilkinji bolup görerler, şeýle hem Mahymyň gündogar sungatynyň estetikasyny döwrebap ugurlar bilen ussatlyk bilen sazlaşdyrýan, beýleki özboluşly we reňkli işlerini ýada salarlar.

Gulýa Geldiýewa








