Daşkende TÜRKSOÝ-agza ýurtlaryň suratkeşleriniň sergisi açyldy


Sişenbe güni Daşkende adaty şekillendiriş we amaly-haşam sungatyň halkara festiwaly açyldy. Baýramçylygyň taryhynda ilkinji gezek Özbegistanyň Şekillendiriş sungaty galereýasynda TÜRKSOÝ guramasyna agza ýurtlarynyň – Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň suratkeşleriniň iň gowy eserlerini görkezýän «Türk dünýäsiniň suratkeşleriniň duşuşygy» sergisi geçirilýär, - diýip Özbek metbugaty habar berýär.
TÜRKSOÝ-yň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan surat eserleriniň sergisi bir hepde dowam eder. Galereýada guramanyň agza ýurtlaryndan 30 suratkeşiň 100-den gowrak eseri bar.
Soňky 25 ýylda Türk dünýäsiniň dürli ýurtlarynda, şol sanda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň şäherlerinde suratkeşleriň sergisi geçirildi. Daşkentdäki serginiň guramaçysy hökmünde Özbegistan Sungat akademiýasy bilen hyzmatdaşlykda TÜRKSOÝ – Halkara Türk Medeniýet Guramasy çykyş edýär.
ORIENT news








