Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki wekilhanasynyň ýolbaşçysy ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy


Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow sişenbe güni ştab-kwartirasy Brýusselde ýerleşýän Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň başlygy hökmünde Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar gullugynyň protokolynyň ýolbaşçysy Týeri Beşe ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Duşuşykda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we ony täze derejä çykarmagyň ýollary barada pikir alyşdylar.
Türkmen ilçisi Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmek we bar bolan ikitaraplaýyn mehanizmleri kämilleşdirmek ugrundaky ygrarlygyny tassyklady.
Gepleşigiň esasy mowzuklarynyň arasynda iň ýokary derejede aragatnaşyk gurmak meselesi boldy, bu, elbetde, Türkmenistan bilen ÝB-iň esasy ugurlarynda gepleşikleriň ösmegine ep-esli itergi berer.
Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ulanylmadyk ösüş nokatlarynyň köpdügini bellediler we geljegi uly özara peýdaly formatlaryň gözlegini işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar. Daşky gurşawy goramak, energetika, bilim we beýlekiler ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
ORIENT news








