HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kanwondodaky ýetginjekler Olimpiadasy-2024-i gurnaýjylar meýletinçileri gözleýärler

Aprel 18, 2023 | 11:26 |9516
Kanwondoda (Koreýa Respublikasy) 2024-nji ýylyň Gyşky ýetginjekler Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti ýaryşlara meýletinçileri ýygnaýandyklary baradaky maksatnama badalga berdiler.Kanwondoda (Koreýa Respublikasy) 2024-nji ýylyň Gyşky ýetginjekler Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti ýaryşlara meýletinçileri ýygnaýandyklary baradaky maksatnama badalga berdiler.
Çeşme: tmbw.ru

Kanwondoda (Koreýa Respublikasy) 2024-nji ýylyň Gyşky ýetginjekler Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti ýaryşlara meýletinçileri ýygnaýandyklary baradaky maksatnama badalga berdiler.

2018-nji ýylda Phýonçhanede geçirilen Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň mirasyny we meýletinçilik ruhuny dowam etmek bilen, gurnaýjylar üç sany dürli derejede iki müň meýletinçini çekmegi: iňlis dilini erkin bilýän hünärmenler; 19 ýaşa çenli we ondan uly şahslar; 15 ýaşdan 18 ýaşa çenli bolan ýaşlary işe çekmegi meýilleşdirýärler.

Meýletinçileri ýygnamak 2023-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli şu salgylanma boýunça açykdyr.

Saýlanyp alnan meýletinçiler ýaryşlaryň dört zolagyndan birinde işlemäge ajaýyp mümkinçilik alarlar. Olaryň işi türgenlere goldaw bermegi, KHBS-ni dolandyrmagy, sport dolandyryşy, çäreleriň geçirilýän ýerinde kömek bermegi öz içine alar. Işiň dowamynda meýletinçiler egin-eşik, iýmit we ulag, ýaryşlary kabul edýän şäheriň daşynda ýaşaýanlar bolsa ýaşaýyş ýeri bilen üpjün ediler.

Seçip almagyň birinji tapgyry 2023-nji ýylyň iýun aýyndan iýul aýyna çenli geçer. Söhbetdeşligi göz öňünde tutýan ikinji tapgyr 2023-nji ýylyň awgustyndan oktýabr aralygynda geçer. Şol döwürde hem meýletinçiler üçin esasy okuw geçiriler. Seçip almagyň gutarnykly netijeleri oktýabr aýynda belli bolar.

2024-nji ýylyň Gyşky Ýetginjekler Olimpiýa oýunlary Kanwondoda (Günorta Koreýa) 19-njy ýanwardan 1-nji fewrala çenli geçer. Ýaryşlaryň 81 milli olimpiýa komitetlerinden 1900 türgeniň ýygnalmagyna garaşylýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026