HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara kuraş göreşi federasiýasy dopinge garşy ýokary hilli maksatnamany üpjün etmegi niýet edinýär

Aprel 17, 2023 | 15:32 |7049
Halkara kuraş göreşi federasiýasy Test geçirmek boýunça halkara agentligi (ITA) bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga gol çekdi, ol dopinge garşy ýokary hilli maksatnamany üpjün etmeklige niýetlenendir.Halkara kuraş göreşi federasiýasy Test geçirmek boýunça halkara agentligi (ITA) bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga gol çekdi, ol dopinge garşy ýokary hilli maksatnamany üpjün etmeklige niýetlenendir.
Çeşme: insidethegames.biz

Halkara kuraş göreşi federasiýasy Test geçirmek boýunça halkara agentligi (ITA) bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga gol çekdi, ol dopinge garşy ýokary hilli maksatnamany üpjün etmeklige niýetlenendir.

Üç ýyla niýetlenen ylalaşygyň çäklerinde Test geçirmek boýunça halkara agentligi kuraş göreşi boýunça ýaryşlaryň dowamynda, şeýle hem ýaryşdan beýleki wagtlarda türgenlerde doping-gözegçiligini geçirer. Ol türgeniň fiziologik profilini we sport aýratynlyklaryny seljermäge esaslanar.

ITA şeýle hem türgenleriň biologiki pasportlaryny dolandyrar, nusgalaryň uzak möhletleýin saklanmagyny amala aşyrar, bu bolsa maglumatlary alnan senesinden soňra 10 ýylyň dowamynda seljermäge mümkinçilik berer. Öz gezeginde hasabatlylyk platformasy «REVEAL» doping işi barada gizlin maglumaty almaga mümkinçilik berer.

Hyzmatdaşlyk türgenleri Bütindünýä dopinge garşy agentligiň Halkara bilim ölçeglerine laýyklykda okatmaklygy hem göz öňüne tutýar.

«Göreş diýmek «maksada adalatly ýol bilen ýetmekdir» we munuň üçin bize arassa sport gerek. Ynha şol sebäpden hem biz ITA goşuldyk, biziň agzalarymyzyň bilimiň ähli artykmaçlyklaryny almagy we dopinge garşy maksatnamalara düşünmekleri üçin» – diýip, Halkara kuraş göreşiň federasiýasynyň prezidenti Haýdar Farmani aýtdy.

Halkara kuraş göreşiň federasiýasy 1998-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda onuň düzüminde 120 agza-federasiýa bardyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026