HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen tennisçisi Aziýanyň çempionatynda kümüş medal gazandy

Aprel 17, 2023 | 16:56 |9158
Türkmen türgeni Ilima Güseýnowa Hindistanyň Bhubaneswarynda geçirilen Aziýanyň çempionatynyň final tapgyrynda kümüş medala eýe boldy.
Paýtagtdaky tennis akademiýasynda ýetişdirilen türkmen tennisçisi özbek türgeni Emiliýa Kim bilen jübüt derejede çykyş etdi.Türkmen türgeni Ilima Güseýnowa Hindistanyň Bhubaneswarynda geçirilen Aziýanyň çempionatynyň final tapgyrynda kümüş medala eýe boldy.
Paýtagtdaky tennis akademiýasynda ýetişdirilen türkmen tennisçisi özbek türgeni Emiliýa Kim bilen jübüt derejede çykyş etdi.
Çeşme: Türkmenistanyň tennis Federasiýasy

Türkmen türgeni Ilima Güseýnowa Hindistanyň Bhubaneswarynda geçirilen Aziýanyň çempionatynyň final tapgyrynda kümüş medala eýe boldy. Paýtagtdaky tennis akademiýasynda ýetişdirilen türkmen tennisçisi özbek türgeni Emiliýa Kim bilen jübüt derejede çykyş etdi.

Ilima Güseýnowanyň Merkezi we Günbatar Aziýanyň toparynyň düzüminde gatnaşandygy bellenmäge mynasypdyr, ol ýere Ilima şu ýylyň ýanwarynda Bahreýnde geçen sebitleýin saýlama ýaryşlarynyň netijesi boýunça saýlanypdy.

Merkezi we Günbatar Aziýanyň çempionatynyň saýlama tapgyrynyň netijeleri boýunça Güseýnowa utuklaryň gerekli mukdaryny gazandy, Halkara tennis federasiýasyndan (ITF) ýaryşyň final bölüminde çykyş etmäge çakylyk aldy.

14 ýaşa çenli ýetginjekleriň Aziýa çempionatynda Merkezi we Günbatar Aziýanyň ýygyndysyndan başga-da, Gazagystandan, Indoneziýadan, Hindistandan, Eýrandan, Gonkongdan, Koreýa Respublikasyndan, Kuweýtden, Malaýziýadan, Şri-Lankadan, Siriýadan, Tailanddan, Wýetnamdan türgenler gatnaşdylar, şeýle hem Günorta, Günorta-Gündogar we Gündogar Aziýanyň ýygyndylary gatnaşdylar.

4-nji aprelde başlanan çempionat biri-biriniň yzyndan gelýän iki ýaryşdan ybaratdyr. Oýunlaryň tertibine görä türgenler şahsy we jübüt derejelerde çykyş etdiler. Yklymyň birinjiligi 14-nji aprelde tamamlandy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

18:00 Oktýabr 20, 2026
Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

16:00 Oktýabr 20, 2026
Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

14:00 Oktýabr 20, 2026