Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň halklarynyň sungat festiwalyny geçirmegi teklip etdi


Türkmenistan halkara maglumat howpsuzlygy pudagynda altytaraplaýyn çarçuwaly ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamagy we Merkezi Aziýa we Russiýa halklarynyň ilkinji Medeniýet we sungat festiwalyny geçirmegi teklip etdi.
Bu teklipleri Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Samarkandda geçirilen daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 6-njy mejlisinde mälim etdi.
Türkmen tarapy alty ýurduň hemişelik iş formatyny döretmegiň möhümdigini belläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklary, şeýle hem 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen MA-RF döwlet baştutanlarynyň sammitinde öňe sürlen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk baradaky başlangyçlary durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtady – diýip, türkmen DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.
Samarkand duşuşygynda diplomatlar “Merkezi Aziýa-Russiýa” dialogynyň çäginde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, gumanitar we migrasiýa ugurlarynda, şeýle hem saglygy goraýyş we sanitar-epidemiologik ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara gün tertibiniň esasy taraplaryna we sebit howpsuzlygy we durnuklylyk meselelerine garaldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar altytaraplaýyn ministrlik görnüşinde işi yzygiderli dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
ORIENT news








