HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistanyň döwlet baştutanynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Aprel 15, 2023 | 23:25 |10663
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Çeşme: prezident.uz

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Özbegistanyň lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa ejesi Ogulabat ejänyň aradan çykmagy zerarly, çuňňur gynanç bildirdi.

Söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça pikir alşyldy. Hususan-da, iň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hökümetara komissiýasynyň mejlisleri, syýasy geňeşmeler, ulag we medeniýet ministrleriniň duşuşyklary we ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen baglanyşykly beýleki çäreler ýaly ýylyň başyndan bäri alnyp barylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli jemleri kanagatlanma bilen bellenildi – diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Söwda-ykdysady, energetika we suw pudaklarynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň amaly taraplaryna garaldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda ýolbaşçylar birek-biregi we iki ýurduň dogan halklaryny ýetip gelýän Oraza baýramy bilen gutladylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026