Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň V mejlisi Aşgabatda geçiriler


2024-nji ýylda Owganystan bilen goňşy döwletleriň daşary işler ministrleriniň nobatdaky - bäşinji mejlisi Türkmenistanda geçiriler. 13-nji aprelde Samarkantda ministrler derejesinde geçirilen IV mejlise gatnaşyjylar bu barada ylalaşdylar – diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Foruma Hytaýyň, Eýranyň, Päkistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri we ýokary derejeli resmileri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Owganystandaky häzirki ýagdaý barada pikir alyşdylar, şeýle-de bu ýurtdaky içerki syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak üçin amatly şertleri döretmek ugrunda bilelikde işlemegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Samarkandda geçirilen gepleşiklerde türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew wekilçilik etdi. Ol çykyşynda goňşy ýurtlaryň Owganystandaky ykdysady we gumanitar ýagdaýy gowulandyrmak üçin uly tagalla edýändigini aýtdy. Bu meselede diplomat Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleri derejesinde yzygiderli gepleşikleriň geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy. Ol ýokary derejeli duşuşyklary Owganystana goldaw bermek, bu ýurtda parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy ýola goýmak meselesinde utgaşdyrmagy we hyzmatdaşlygy güýçlendirmek işinde täsirli ädimleriň biri diýip atlandyrdy.
Samarkandda geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşyjylar Özbegistana mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirendigi üçin minnetdarlyk bildirdiler we türkmen tarapynyň 2024-nji ýylda Daşary işler ministrleriniň V ýygnagyny Aşgabatda geçirmek baradaky teklibini goldadylar. Zerurlyk ýüze çykan halatynda duşuşygyň has ir geçirilip bilinjekdigi bellendi.
ORIENT news








