Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdiler


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban käbesi, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow enesi Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, anna güni belli gün agzaçar sadakasyny berdiler.
Sadaka Aşgabat şäherinde ýerleşýän Hezreti Omar metjidinde berildi.

Nahar çekilmezden öň milletiň lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ejesiniň aradan çykmagy zerarly, gynanç bildiren raýatlarymyza taňryýalkasyn aýtdy. Goldaw we duýgudaşlyk sözleri bolan gynanç hatlary beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylary tarapyndan hem iberildi.

Milletiň lideri: “Maşgala ojagyna wepadarlygyň, mähribanlygyň nusgasyny görkezen ejem Ogulabat ejäni hatyralap berilýän sadaka, okalýan aýat-töwirler Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun! Käbämiň ýatan ýeri ýagty, jaýy jennet bolsun!” diýip belledi.

Nahardan öň we soň Ogulabat ejäniň jaýynyň jennetde bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okaldy.
ORIENT news








