Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

200-den gowrak wekiliýet Türkmenistanyň Dubaýda geçiriljek maýa goýum forumyna eýýäm hasaba alyndy

Aprel 14, 2023 | 18:15 |7664
200-den gowrak wekiliýet 26-27-nji aprelde Dubaýda (BAE) geçjek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyna gatnaşmak üçin eýýäm hasaba alyndy.200-den gowrak wekiliýet 26-27-nji aprelde Dubaýda (BAE) geçjek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyna gatnaşmak üçin eýýäm hasaba alyndy.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

200-den gowrak wekiliýet 26-27-nji aprelde Dubaýda (BAE) geçjek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyna gatnaşmak üçin eýýäm hasaba alyndy.

Ýüz tutmalary tabşyrmagyň soňky möhleti — 16-njy aprel diýip, gurnaýjylar ýatladýarlar. Baryp gatnaşmakdan başga-da, çärä onlaýn görnüşde gatnaşmak hem göz öňüne tutulýar. Munuň üçin forumyň resmi saýtynda hasaba alnyp bolýar.

Öňde duran çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň energetika pudagynyň dürli ugurlaryndaky esasy maýa goýum taslamalary hödürleniler. Olaryň arasynda nebiti we gazy gazyp almak boýunça başlangyçlar, gaýtadan işleýji kärhanalaryň gurluşygy, şeýle hem gün we ýel energiýasy ýaly alternatiw energiýa babatyndaky taslamalar bar.

Forumda Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýmaga gyzyklanýan ministrlikleriň, edaralaryň we döwlete degişli esasy nebit-gaz karhänalarynyň ýolbaşçylary, halkara maliýe institutlarynyň we iri kompaniýalaryň wekilleri çykyş ederler. Olar ýurtda energetika pudagyny ösdürmek boýunça öz garaýyşlaryny we strategiýasyny beýan ederler we bu babatdaky tejribesini paýlaşarlar.

Forum daşary ýurt maýa goýumlaryny Türkmenistanyň energetika pudagyna çekmek üçin möhüm meýdança bolar we energetika babatynda dünýä arenasynda ýurduň ýagdaýyny pugtalandyrmaga kömek eder.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026