HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan dünýä derejesinde çagalaryň hukuklaryny öňe sürer — ÝUNISEF

Aprel 14, 2023 | 17:16 |9671
BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekili Mohammad Faýýazi Türkmenistanyň bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşine agza edilip saýlanmagy ýurda çagalaryň hukuklaryny dünýä derejesinde öňe sürmäge, şol sanda immunizasiýa meselesi boýunça hem öňe sürmäge mümkinçilik berer – diýip, beýan etdi.BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekili Mohammad Faýýazi Türkmenistanyň bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşine agza edilip saýlanmagy ýurda çagalaryň hukuklaryny dünýä derejesinde öňe sürmäge, şol sanda immunizasiýa meselesi boýunça hem öňe sürmäge mümkinçilik berer – diýip, beýan etdi.
Çeşme: pixabay.com

BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekili Mohammad Faýýazi Türkmenistanyň bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşine agza edilip saýlanmagy ýurda çagalaryň hukuklaryny dünýä derejesinde öňe sürmäge, şol sanda immunizasiýa meselesi boýunça hem öňe sürmäge mümkinçilik berer – diýip, beýan etdi.

Bu barada ol ýurduň 2024-2026-njy ýyllar üçin Geňeşiň agzalygyna saýlanmagy mynasybetli «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetine beren interwýusynda beýan etdi.

«Türkmenistan immunizasiýa, howanyň üýtgemegi ýaly meselelerde görelde bolup biler we olary öňe sürüp biler, biziň bilşimiz ýaly, bu meselelerde ýurt uly üstünlikler gazandy. Bu şeýle hem çagalaryň abadançylygy üçin Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arayndaky ýakyn hyzmatdaşlyga täze itergi berer», — diýip, Faýýazi aýtdy.

ÝUNISEF-iň wekili şeýle hem Geňeşdäki agzalygyň Türkmenistanyň uly üstünligidigini belledi, onuň uly jogapkärçiligi talap edýändigini, sebäbi ýurduň gün tertibiniň işlenip düzülmegine gatnaşjakdygyny we bütin dünýädäki çagalaryň durmuşyny üýtgetmäge gatnaşjakdygyny belledi.

Mundan başga-da, Türkmenistan ÝUNISEF-iň işine, onuň syýasatyna, ýurt maksatnamalaryna we býujetine gaýtadan seredilmegine we tassyklanmagyna gatnaşar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026