GDA agza-döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi boldy


Anna güni Samarkatda GDA agza-döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçdi. Bu GDA DIMG-niň şu ýyldaky ilkinji mejlisi bolup, ol Gyrgyz Respublikasynyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçdi.
Halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaklygyň barşynda wekiliýetleriň baştutanlary GDA formatynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara hyzmatdaşlygyp ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda Türkmenistana daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew wekilçilik etdi.
Häzirki günde GDA-nyň integrasiýa prosesslerini pugtalandyrmak we biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky köp meýilnamaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin onuň möhüm düzüm we giň meýdança bolup galýandygy bellenildi.
Mejlisiň jemleri boýunça Geňeşiň agzalary birnäçe resminamalary makulladylar, olar döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň öňde boljak mejlislerinde we GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşinde tassyklanmaga çykarylar.
GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 12-nji oktýabrynda Bişkekde geçirmek barada karar kabul edildi.
ORIENT habarlar








