Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy resmi saýtyna ispan dilini goşdy


Türkmenistanyň Nýu-Ýorkdaky BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň resmi web-saýtynyň ispan dilindäki wersiýasyna badalga berildi.
Indi okyjylar hemişelik esasda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy baradaky maglumatlara elýeterlilik alyp bilerler, bu düzümiň çäklerinde öňe sürülýän ýurduň başlangyçlary bilen ispan dilinde tanşyp bilerler.
Internetden peýdalanyjylaryň Türkmenistanyň Latyn Amerikanyň we Karib deňzi sebitiniň birnäçe ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösüşi barada BMG-niň alty resmi diliniň birinde habardar bolmaga mümkinçiligi dörär.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewanyň şeýle hem ýurduň Braziliýadaky, Wenesueladaky we Kubadaky ilçisi bolup durýandygyny belläp geçmelidiris.
ORIENT habarlar








