HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Milli Liderler Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna gynanjyny bildirýärler

Aprel 09, 2023 | 22:57 |11284
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa käbesi — hormatly Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ugratdy.Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa käbesi — hormatly Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ugratdy.
Çeşme: orient.tm

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa käbesi — hormatly Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ugratdy.

Onda şeýle diýilýär: «Gazagystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size we Siziň ýakynlaryňyza çuňňur gynanjymy hem-de duýgudaşlygymy beýan edýärin».

Şeýle hem, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa çuňňur gynanjyny bildirdi.


Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa gynanç hatyny ugratdy. Onda şeýle diýilýär: «Iň mähriban hem-de ýakyn ynsan — Siziň käbäňiziň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjymy we duýgudaşlyk sözlerimi kabul ediň!

Ogulabat Berdimuhamedowa türkmen zenanynyň belent mertebeliliginiň hem-de asyllylygynyň nusgasy hökmünde biziň hakydamyzda hemişelik galar».


Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur gynanjyny bildirdi. Onda şeýle diýilýär: «Käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykanlygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdim. Size we merhum käbäňiziň ýakyn garyndaşlaryna çuňňur gynanjymy beýan edýärin. Öwezini dolup bolmajak ýitgi zerarly Siziň gynanjyňyzy paýlaşýaryn, Size şu agyr günde sabyr-takat dileýärin».


Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa käbesi — Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykanmagy zerarly gynanç hatyny ugtaydy.

Onda şeýle diýilýar: «Siziň şatlykly hem-de kyn pursatlarda ýanyňyzda bolan ýakyn we mähriban adamyňyz dünýäden ötdi».

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Berdimuhamedowa şu kyn günlerde gaýrat diledi.


Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähriban käbesiniň aradan çykanlygy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.

Gynanç hatynda şeýle diýilýar: «Ata-enäniň aradan çykmagy agyr ýitgidir. Ýöne olar biziň kalbymyzda we hakydamyzda parasatlylyk, ýagşylyk nury bolup hemişelik galar. Ata-eneleriň baky söýgüsi bolsa bizi elmydama goldaýar».

Şaýmiýew, öwezini dolup bolmajak bu ýitginiň hasratyny Berdimuhamedow bilen hem-de onuň ýakynlary bilen bile paýlaşýandygyny bildirdi.


Bahreýniň emiri Hamad bin Isa Al Halifa, mirasdüşer şazada we Bahreýniň premýer-ministri Salman bin Hamad Al Halifa hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa enesiniň aradan çykmagy zerarly duýgudaşlyk bildirip, gynanç hatyny iberdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026