Türkmenistanyň DIM-niň HGI we Gazak milli uniwersiteti hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar


Žurnalistikany okatmak babatyndaky ikitaraplaýyn özara hyzmatdaşlygyň meseleleri Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzüminiň we talyplarynyň duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäriniň okadylyş usullaryny, hünäri ýeterlikli özleşdirmek üçin talyplar üçin döredilýän şertler barada maglumat alyşdylar.
Duşuşyk Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň arasynda 2021-nji ýylda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etmäge niýetlenendir.
ORIENT habarlar








